Personal Pronouns
At çalyşmalary

Personal pronouns (at çalyşmalary) iňlis dilinde örän köp ulanylýar. Olar adam, zat ýa-da toparyň adyny gaýtalap durmazlyk üçin şol adyň ýerine ulanylýar.
Başgaça aýdanymyzda, at çalyşmalary atlaryň (nouns)ýerine ulanylýan sözlerdir. Olar sözlemleri has gysga, düşnükli we tebigy edýär.
Mysal:
Ayna is a student. Ayna is 12 years old. Ayna likes English.
Bu ýerde Ayna sözi birnäçe gezek gaýtalanýar. Gaýtalamazlyk üçin ikinji we üçünji sözlemlerde she ulanýarys:
Ayna is a student. She is 12 years old. She likes English.
Bu ýerde she sözi Ayna-nyň ýerine ulanyldy.
Şeýlelikde, at çalyşmalary adamlar, zatlar ýa-da toparlar barada gürrüň edilende olaryň adynyň ýerine ulanylýar.
Personal Pronouns — At çalyşmalary
I
/aɪ/
men
You
/juː/
sen / siz
He
/hiː/
ol (erkek adam)
She
/ʃiː/
ol (aýal adam)
It
/ɪt/
ol (zat ýa-da köplenç haýwan)
We
/wiː/
biz
They
/ðeɪ/
olar
Gysgaça düşüneliň
I — özüň barada gürrüň berende ulanylýar.
You — başga bir adama ýa-da birnäçe adama ýüzlenende ulanylýar.
He — erkek adam barada gürrüň edilende ulanylýar.
She — aýal adam barada gürrüň edilende ulanylýar.
It — zatlar we köplenç haýwanlar üçin ulanylýar.
We — özüň we başga adamlar bilen bilelikde özüň barada gürrüň edeniňde ulanylýar.
They — birnäçe adam ýa-da zat barada gürrüň edilende ulanylýar.
Personal Pronoun Rules — At çalyşmalarynyň düzgünleri
At çalyşmalaryny dogry ulanmak üçin birnäçe esasy düzgüni bilmeli.
1. Çalyşma onuň ýerine ulanylýan adama ýa-da zada laýyk bolmaly
At çalyşmany saýlanyňyzda, onuň kimiň ýa-da nämäniň ýerine ulanylýandygyna üns bermeli.
Mysal:
Ali is my brother. He is a student.
— Ali meniň doganym. Ol okuwçy.
Bu ýerde he sözi Ali-niň ýerine ulanyldy.
Ayna is my sister. She is a teacher.
— Aýna meniň uýam. Ol mugallym.
Bu ýerde she sözi Ayna-nyň ýerine ulanyldy.
The book is new. It is interesting.
— Kitap täze. Ol gyzykly.
Bu ýerde it sözi the book-yň ýerine ulanyldy.
My friends are here. They are happy.
— Meniň dostlarym şu ýerde. Olar şat.
Bu ýerde they sözi my friends-iň ýerine ulanyldy.
Diýmek:
Ali → he
Ayna → she
the book → it
my friends → they
Dogry çalyşmany saýlamak sözlemiň manysyna düşünmek üçin örän möhümdir.
2. “I” hemişe baş harp bilen ýazylýar
Iňlis dilinde I (men) sözi sözlemiň nirede gelýändigine garamazdan, hemişe baş harp bilen ýazylýar.
Dogry:
I am a student.
My friend and I are teachers.
Nädogry:
i am a student.
Diňe I däl, beýleki şahsy çalyşmalar hem sözlemiň başynda gelenlerinde baş harp bilen ýazylýar.
She is my friend.
My friend is here. She is happy.
Ýöne sözlemiň ortasynda gelen he, she, it, we, they, you ýaly çalyşmalar adatça kiçi harp bilen ýazylýar.
3. “You” hem birlik, hem köplük üçin ulanylýar
Iňlis dilinde you sözi hem bir adama, hem-de birnäçe adama ýüzlenilende ulanylýar.
Bir adam üçin:
You are my friend.
— Sen meniň dostum.
Birnäçe adam üçin:
You are good students.
— Siz gowy okuwçylar.
Türkmen dilinde sen we siz diýen iki aýratyn söz bar. Iňlis dilinde bolsa olaryň ikisi üçin hem you ulanylýar.
Ýatda saklaň:
You = sen / siz
At çalyşmalary sözlemde nirede ulanylýar?
At çalyşmalaryny öwrenende iň möhüm zatlaryň biri — olaryň sözlemde nähili ulanylýandygyna düşünmekdir.
At çalyşmasy sözlemde eýe bolup gelip biler
Eýe (subject) — sözlemde hereketi ýerine ýetirýän adam ýa-da zat.
Mysal üçin:
Ayna studies English.
— Aýna iňlis dilini öwrenýär.
Bu ýerde Ayna hereketi ýerine ýetirýän adam, ýagny eýe.
She studies English.
— Ol iňlis dilini öwrenýär.
English
Pronunciation
English
Person Categories — Şahsyň görnüşleri
Iňlis dilinde şahsy çalyşmalar 3 şahsa bölünýär:
First Person — Birinji şahs
Gürleýän adamy görkezýär.
I — men
We — biz
I am a teacher.
— Men mugallym.
We are friends.
— Biz dost.
Second Person — Ikinji şahs
Gürleýän adamyň ýüzlenýän adamyny ýa-da adamlaryny görkezýär.
You — sen / siz
You are my friend.
— Sen meniň dostum.
You are good students.
— Siz gowy okuwçylar.
Third Person — Üçünji şahs
Gürleýän we ýüzlenilýän adamdan başga adam ýa-da zat barada gürrüň edilende ulanylýar.
He — ol (erkek adam)
She — ol (aýal adam)
It — ol (zat ýa-da köplenç haýwan)
They — olar
He is my brother.
— Ol meniň doganym.
She is my sister.
— Ol meniň uýam.
It is a new book.
— Ol täze kitap.
They are my friends.
— Olar meniň dostlarym.
Ýatda saklaň:
I / we → gürleýän adam
you → ýüzlenilýän adam
he / she / it / they → gürrüňi edilýän adam ýa-da zat
Bu şahsy çalyşmalar sözlemde dürli wezipelerde ulanylyp bilýär. Indiki ädimde olaryň eýe bolup gelýän görnüşlerini (Subject Pronouns) we doldurgyç bolup gelýän görnüşlerini (Object Pronouns) aýratynlykda öwreneris.
English
Pronunciation
English
English
Pronunciation
English
English
Pronunciation
English
English
Pronunciation
English
English
Pronunciation
English
English
Pronunciation
English
