Iňlis dilindäki Articles (Artikller)

Iňlis dilinde articles (artikller) atlaryň öňünde gelýän kiçi sözlerdir, a/an/the
Why Are Articles Important in English?
Näme üçin artikller iňlis dilinde möhümdir?
Artikller iňlis dilinde möhüm orun eýeleýär. Sebäbi olar gürrüňiň nähili zat barada gidýändigini has anyk düşünmäge kömek edýär.
Artikl bolmasa, käbir sözlemleriň manysy düşnüksiz ýa-da nädogry bolup biler. Artikller arkaly gürrüňiň umumy bir zat barada ýa-da belli bir zat barada gidýändigine düşünýäris. Şeýle hem bir zat barada ilkinji gezek aýdylýandygyna ýa-da öň hem gürrüň edilendigine düşünmäge kömek edýär.
Mysallara seredeliň:
I saw a car. — Men bir maşyn gördüm.
Bu ýerde haýsy maşyndygy belli däl. Islendik bir maşyn barada gürrüň gidýär.
I saw the car. — Men şol maşyny gördüm.
Bu ýerde bolsa belli bir maşyn barada gürrüň gidýär. Haýsy maşyndygy gürrüň edýän adamlara belli.
Artikller bize gürrüňiň belli bir zat ýa-da islendik bir zat barada gidýändigini görkezýär.
Mysal üçin:
a book — bir kitap
the book — şol kitap
Bu iki söz düzümiň manysy birmeňzeş däl.
A book diýsek, islendik bir kitap barada gürrüň edýäris. Haýsy kitapdygy anyk belli däl.
The book diýsek bolsa, belli bir kitap barada gürrüň edýäris. Ýagny, haýsy kitap barada aýdýandygymyz gürrüň edýän adamlara belli bolýar.
Geliň, muny ýönekeý sözlemde göreliň:
I have a cat. The cat is white.
Meniň bir pişigim bar. Şol pişik ak.
Birinji sözlemde a cat diýýäris. Sebäbi pişik barada ilkinji gezek gürrüň edýäris. Şeýle ýagdaýda haýsy pişikdigini diňleýän adam heniz bilenok.
Soňky sözlemde bolsa the cat diýýäris. Sebäbi indi gürrüňiň haýsy pişik barada gidýändigi belli. Biz öň aýdylan şol bir pişik barada gürrüň edýäris.
Şeýlelikde, artikller bize bir zadyň belli ýa-da näbelli bolandygyny görkezmäge kömek edýär.
Types of Articles in English
Iňlis dilindäki artiklleriň görnüşleri
Iňlis dilinde artikller iki esasy görnüşe bölünýär:
ARTICLES (ARTIKLLER) | |
DEFINITE ARTICLE — BELLI ARTIKL | INDEFINITE ARTICLES — NÄBELLI ARTIKLLER |
THE | A / AN |
What is a Definite Article?
Belli artikl näme?
Iňlis dilinde the — belli artikldir.
THE artikliniň esasy manysyna düşünmek möhümdir.
THE belli we anyk bir zady görkezýär. Ýagny, gürrüň edýän adam bilen diňleýän adam haýsy zat barada gürrüň gidýändigine düşünýär. Bu zat öň gürrüňi edilen, ýagdaýdan belli bolan ýa-da hemmelere mälim zat bolup biler.
Mysallara seredeliň:
Please open the door. — Haýyş edýärin, gapyny aç.
Bu ýerde haýsy gapynyň göz öňünde tutulýandygy ýagdaýdan belli. Mysal üçin, otagda diňe bir gapy bar.
The Earth moves around the Sun. — Ýer Günüň daşyndan aýlanýar.
Bu ýerde the ulanylýar, sebäbi Ýer we Gün dünýäde bar bolan bir zat we hemmelere belli zatlardyr.
Ýatda saklaň!
THE haçan ulanylýar?
THE artikli belli we anyk bir zat, adam ýa-da ýer barada gürrüň edilende ulanylýar.
✓ Öň gürrüňi edilen zat barada aýdanymyzda: I see a cat. The cat is black.
✓ Hemmelere belli bolan dünýäde ýeke-täk bolan zatlaryň öňünde: the Sun, the Moon, the Earth, the sky, the world
✓ Belli we anyk adamlar ýa-da zatlar barada gürrüň edilende: the book on the table (stoluň üstündäki şol kitap)
✓ Käbir meşhur ýerleriň we gurluşlaryň öňünde: the Big Ben, the Eiffel Tower, the Great Wall of China
The Indefinite Article: A / An
Näbelli artikller: A / An
A we An iňlis dilindäki näbelli artikllerdir.
Olar haýsy adam ýa-da zat barada gürrüň edilýändigini anyk görkezmeýän ýagdaýlarda ulanylýar. Ýagny, gürrüň belli bir adam ýa-da zat barada däl-de, umumylykda ýa-da ilkinji gezek aýdylýan bir zat barada gidýär.
Mysallara seredeliň:
I met a friend. — Men bir dostum bilen duşuşdym.
I work in a factory. — Men bir zawodda işleýärin.
I borrowed a pencil. — Men bir galam aldym.
Bu sözlemlerde gürrüňiň haýsy dost, haýsy zawod ýa-da haýsy galam barada gidýändigi anyk däl. Şonuň üçin a artikli ulanylýar.
A haçan ulanylýar?
A çekimsiz ses bilen başlanýan we sanalýan atlaryň öňünde ulanylýar.
Mysallar:
a dog — bir it
a pilot — bir uçarman
a teacher — bir mugallym
a book — bir kitap
a car — bir maşyn
Möhüm bellik!
A diňe çekimsiz harp bilen başlanýan sözleriň öňünde ulanylýar diýip ýatda saklamak ýeterlik däl. Esasy zat sözüň ilkinji harpy däl-de, sesi bolýar.
Mysal:
a university
University sözi ýazuwda u harpy bilen başlasa-da onuň aýdylyşy “ýu” sesi bilen başlanýar:
university → /juːnɪˈvɜːrsəti/
Soňky ilkinji ses çekimli däl ses ýaly eşidilýär. Şonuň üçin:
✅ a university
❌ an university
Şeýle ýagdaýlar iňlis dilinde ýygy-ýygydan duşýar.
An haçan ulanylýar?
An artikli çekimli ses bilen başlanýan sözleriň öňünde ulanylýar.
Mysallar:
an engineer — bir inžener
an elephant — bir pil
an athlete — bir türgen
an apple — bir alma
an egg — bir ýumurtga
an orange — bir apelsin
Görşümiz ýaly, bu sözleriň ilkinji sesi çekimli sesdir. Şonuň üçin olaryň öňünde an artikli ulanylýar.
Ýene bir möhüm ýagdaý
Käbir sözler çekimsiz harp bilen başlasa-da, ilkinji harpy aýdylmaýar. Şeýle sözleriň öňünde hem an ulanylýar. Mysal üçin:
an hour — bir sagat
an honest person — dogruçyl adam
Bu sözlerde h harpy ýazylýar, ýöne aýdylanda h harpy eşidilmeýär:
hour → /ˈaʊər/
honest → /ˈɒnɪst/
Iň möhüm düzgün: A ýa-da An saýlanyňyzda harpa däl, sözüň ilkinji sesine üns beriň!
Möhüm bellik!
A / An diňe birlik sandaky, sanalýan atlaryň öňünde ulanylýar.
❌ a books / ✅ a book
❌ an apples / ✅ an apple
Esasy düzgün: Haýsysydygy belli bolmadyk ýa-da ilkinji gezek gürrüňi edilýän birlik sandaky we sanalýan atlaryň öňünde A / AN ulanylýar.
No Article
Artiklsiz ulanylýan ýagdaýlar
Iňlis dilinde her adyň öňünde hemişe a, an ýa-da the artikli ulanylmaýar. Käbir ýagdaýlarda at hiç bir artiklsiz ulanylýar. Şeýle ýagdaýlara No Article diýilýär.
Indi iň köp duş gelýän ýagdaýlara seredeliň.
1. Ýurtlaryň, şäherleriň, ştatlaryň we daglaryň atlary bilen
Köplenç ýurtlaryň, şäherleriň, ştatlaryň, welaýatlaryň, kölleriň, daglaryň atlarynyň öňünde artikl ulanylmaýar.
Mysallar:
Turkmenistan
England
London
Washington
Mount Everest
Lake Baikal




Comments