top of page

Possessive adjectives — Degişlilik çalyşmalary

10 minutes ago
2 min read
Possessive adjectives — Degişlilik çalyşmalary

Possessive adjectives (degişlilik çalyşmalary) bir zadyň ýa-da adamyň kime degişlidigini görkezýär. Olar degişli bolan adyň öňünde ulanylýar.

Mysal:

  • This is my book. — Bu meniň kitabym.

  • Where is your phone? — Seniň telefonyň nirede?

  • Our daughter likes to draw. — Biziň gyzymyz surat çekmegi halaýar.

Bu ýerde my, your, our sözleri kitap, telefon we gyzyň kime degişlidigini görkezýär.


Esasy düzgün

Degişlilik çalyşmasyndan soň adatça at (noun) gelýär:

  • my + book

  • your + phone

  • her + bag

  • our + school

Ýatda saklaň: Possessive Adjective + Noun


Degişlilik çalyşmasy

Transkripsiýa

Türkmençe

My

/maɪ/

meniň

your

/jɔːr/

seniň / siziň

his

/hɪz/

onuň (erkek)

her

/hɜːr/

onuň (aýal)

its

/ɪts/

onuň (zat / haýwan)

our

/aʊər/

biziň

their

/ðeər/

olaryň

Degişlilik çalyşmalarynyň ulanylyşy

Degişlilik çalyşmalary bir zadyň kime degişlidigini görkezýär. Iň möhüm zat — zadyň kime degişlidigine seretmekdir.

Mysal üçin, bir zat aýala degişli bolsa, her ulanýarys:

  • her book — onuň kitaby

  • her car — onuň maşyny

  • her house — onuň öýi

Bir zat erkek adama degişli bolsa, his ulanýarys:

  • his book — onuň kitaby

  • his car — onuň maşyny

  • his house — onuň öýi

Diýmek, her ýa-da his saýlananda, zadyň özüne däl-de, onuň kime degişlidigine seredýäris.


Esasy düzgün

Degişlilik çalyşmasy + at (Possessive Adjective + Noun)

  • my book — meniň kitabym

  • your phone — seniň telefonyň

  • his car — onuň maşyny

  • her bag — onuň sumkasy

  • our school — biziň mekdebimiz

  • their house — olaryň öýi

Degişlilik çalyşmasy hemişe degişli bolan adyň öňünde gelýär.

Mysal:

  • ❌ book my → ✅ my book

  • ❌ car his → ✅ his car


Degişlilik çalyşmasy üýtgemeýär

Degişlilik çalyşmasy degişli bolan zadyň ýeke ýa-da köp bolmagyna görä üýtgemeýär.

  • my book — meniň kitabym

  • my books — meniň kitaplarym

  • her car — onuň maşyny

  • her cars — onuň maşynlary

Diňe degişli bolan at üýtgeýär, my, her ýaly degişlilik çalyşmasy üýtgemeýär.


A, an, the bilen bile ulanylmaýar

Degişlilik çalyşmasynyň öňünde adatça a, an, the article goýulmaýar.

  • ❌ the my book  ❌ a my bag

  • ✅ my book  ✅ my bag

Sebäbi my, your, his, her, our, their sözleriniň özi zadyň kime degişlidigini görkezýär.


Its we it’s

Bu iki söz daşyndan meňzeş görünýär, ýöne manylary başga.

  • its — degişliligi görkezýär.

    • The cat is eating its food. — Pişik öz iýmitini iýýär.

  • it’s — it is ýa-da it has sözleriniň gysgaldylan görnüşi.

    • It’s a cat. = It is a cat. — Bu pişik.

Ýatda saklaň:its → degişlilikit’s → it is / it has

At çalyşmalary bilen Degişlilik çalyşmalarynyň tapawudy


The Difference Between Personal Pronouns and Possessive Adjectives

Öňki bölümde Personal Pronouns — At çalyşmalaryny öwrendik. Olar adamyň ýa-da zadyň ýerine ulanylýar:

  • I — men

  • you — sen / siz

  • he — ol

  • she — ol

  • we — biz

  • they — olar

Degişlilik çalyşmalary bolsa bir zadyň kime degişlidigini görkezýär we adyň öňünde ulanylýar:

  • my — meniň

  • your — seniň / siziň

  • his — onuň

  • her — onuň

  • our — biziň

  • their — olaryň

Esasy tapawudy ýatda saklamak üçin:

Personal Pronoun → adamyň ýa-da zadyň ýerine ulanylýar.

Possessive Adjective → zadyň kime degişlidigini görkezýär.

Mysal:

  • She is a teacher. — Ol mugallym.

  • Her book is new. — Onuň kitaby täze.

Bu ýerde she — adamyň ýerine ulanylýar, her bolsa şol adamyň kitabynyň oňa degişlidigini görkezýär.

Comments


bottom of page