top of page

Active possessive case — Aktiw eýelik düşüm

4 hours ago
3 min read
Active possessive case — Aktiw eýelik düşüm

Possessive Case bir zadyň ýa-da adamyň kime degişlidigini görkezmek üçin ulanylýar. Türkmen dilinde muny “-yň/-iň, -nyň/-niň” goşulmalary arkaly görkezýäris. Soňkyra iňlis dilinde bir zadyň kime degişlidigini görkezmek üçin köplenç adyň soňuna 's goşulýar.

Mysal:

  • Ali's book — Aliniň kitaby

  • Mary's bag — Merýemiň sumkasy

  • My brother's car — Agamyň maşyny

Mysallara seredeliň:

  • This is Ali's book. — Bu Aliniň kitaby. (Bu ýerde kitap Aliä degişli, şonuň üçin Ali's diýilýär.)

  • This is my mother's bag. — Bu meniň ejemiň sumkasy. (Bu ýerde sumka ejä degişli, şonuň üçin mother's diýilýär.)

Gysgaça aýdanymyzda, Possessive Case bir zadyň ýa-da adamyň eýesini görkezýär.


Possessive Case of Singular Nouns

Birlik sandaky atlaryň eýelik düşümdäki görnüşi

Bir adam ýa-da bir zadyň başga bir zada degişlidigini görkezmek üçin birlik sandaky atlaryň (Singular Nouns) soňuna 's goşulýar.

Formula: Singular Noun + 's

Mysal:

  • the girl's bag — gyzyň sumkasy

  • the boy's book — oglanyň kitaby

  • the teacher's desk — mugallymyň stoly

  • my mother's car — ejemiň maşyny

Sözlemiň içinde:

  • This is the girl's bag. — Bu gyzyň sumkasy.

  • The teacher's desk is big. — Mugallymyň stoly uly.

  • My mother's car is new. — Meniň ejemiň maşyny täze.


Adam atlary bilen

Adam atlarynyň soňuna hem 's goşulýar:

  • Ali's book — Aliniň kitaby

  • Mary's bag — Merýemiň sumkasy

  • Tom's car — Tomuň maşyny


S harpy bilen gutarýan atlar

Birlik sandaky at s harpa gutarsa-da, onuň soňuna 's goşulýar:

  • Chris's book

  • James's car


Possessive Case of Plural Nouns

Köplük atlaryň eýelik düşümde gelişi

Possessive Case-i öwrenmezden öň, bir zady ýatladalyň. Iňlis dilinde köp sanly adamy ýa-da zady görkezmek üçin atlaryň köpüsine -s goşulýar:

  • book → books — kitap → kitaplar

  • girl → girls — gyz → gyzlar

  • student → students — okuwçy → okuwçylar

  • teacher → teachers — mugallym → mugallymlar

Bu ýerde -s sözüň köplükdigini görkezýär. Indi şeýle köplük atlaryň kime degişlidigini görkezmek üçin diňe apostrof (') goşulýar.


1. Köplük at -s bilen gutarsa

Formula: Plural noun + '

  • girls → girls'

  • boys → boys'

  • students → students'

  • teachers → teachers'

Mysal:

  • The girls' room is clean. — Gyzlaryň otagy arassa.

  • The students' books are on the table. — Okuwçylaryň kitaplary stoluň üstünde.

Üns beriň:

girl → girl's — bir gyzyň

girls → girls' — gyzlaryň

Şeýlelikde:

Singular noun → 'sPlural noun ending in -s → '


2. Käbir köplük atlar -s bilen gutarmaýar

Iňlis dilinde käbir köplük atlar -s goşulmasy bilen ýasalmaýar (muny köplük san temada aýratyn öwreneris).

Mysal:

  • child → children — çaga → çagalar

  • woman → women — aýal → aýallar

  • man → men — erkek → erkekler

Bu sözler -s bilen gutarmaýandygy üçin, olaryň Possessive Case görnüşinde 's ulanylýar:

  • children → children's

  • women → women's

  • men → men's

Mysal:

  • The children's books are new. — Çagalaryň kitaplary täze.

  • Women's clothes are expensive. — Aýallaryň egin-eşikleri gymmat.

Ýatda saklaň:

Köplük at -s bilen gutarsa → ' (girls → girls')

Köplük at -s bilen gutarmasa → 's (children → children's)


Bu düzgüni şu görnüşde ýatda saklamak aňsat:

girls' books — gyzlaryň kitaplary

children's books — çagalaryň kitaplary


Compound Nouns Possessive Case


1. Goşma atlarda eýelik düşümiň ulanylyşy

Compound noun iki ýa-da birnäçe sözden düzülýän atdyr.

Mysal:

  • father-in-law — gaýyn ata

  • brother-in-law — gaýyn aga / ini

Eger şeýle söz Possessive Case-de ulanylsa, 's iň soňky söze goşulýar:

  • my brother-in-law's car — meniň gaýyn agamyň maşyny

  • my father-in-law's house — meniň gaýyn atamyň öýi

  • My brother-in-law's car is new. — Meniň gaýyn agamyň maşyny täze.

Bu ýerde esasy zat: Compound noun + 's

Possessive Adjective and Possessive Case

Öňki bölümde Possessive Adjectives barada öwrendik: my, your, his, her, its, our, their. Possessive Case hem degişliligi görkezýär, ýöne eýesiniň adyna 's goşulýar.

Deňeşdireliň:

  • my book — meniň kitabym → Possessive Adjective

  • Ali's book — Aliniň kitaby → Possessive Case

  • her bag — onuň sumkasy → Possessive Adjective

  • Mary's bag — Merýemiň sumkasy → Possessive Case

Esasy tapawut:

  • Possessive Adjective + noun → my book

  • Noun + 's + noun → Ali's book

Diýmek, ikisi-de degişliligi görkezýär, ýöne gurluşy başga.

Comments


bottom of page