top of page

Possessives with of — Eýelik düşümiň of bilen berilişi

3 hours ago
1 min read
Possessives with of — Eýelik düşümiň of bilen berilişi

Öňki bölümlerde bir zadyň ýa-da adamyň kime degişlidigini görkezmek üçin Possessive Case ('s) ulanmagy öwrendik.

  • Mered's book — Merediň kitaby

Emma iňlis dilinde iki zadyň arasyndaky degişliligi ýa-da gatnaşygy görkezmek üçin of sözi hem ulanylýar.

of + Noun

of sözünden soň adaty bir at gelip biler.

Formula: Noun + of + Noun

Mysal:



Soňky mysala üns beriň:

  • the book of Mered

Bu gurluş grammatik taýdan dogry. Emma bir zat adama degişli bolsa, iňlis dilinde köplenç of däl-de, 's ulanylýar.

Şonuň üçin:

  • Mered's book — has tebigy

  • the book of Mered — mümkin, ýöne az ulanylýar

Diýmek, adamlar bilen köplenç Possessive Case ('s) ulanmak has amatlydyr.


of + Possessive Case

Käbir ýagdaýlarda of sözünden soň adaty at däl-de, Possessive Case ('s) görnüşindäki at ulanylýar.

Formula: Noun + of + Noun's

Mysal:

  • a friend of Mered's

Bu ýerde Mered's eýelik görnüşinde gelýär. Bu gurluş “Merediň dostlarynyň biri” diýen manyny berýär.

Soňky mysallara seredeliň:



Tapawudyna üns beriň:

  • the book of Mered — Merediň kitaby (Bu ýerde of + adaty noun ulanylýar.)

Ýöne:

  • a book of Mered's — Merediň kitaplarynyň biri (Bu ýerde of + Possessive Case ulanylýar.)

Soňky gurluş aýratyn many berýär: gürrüň bir zadyň diňe kime degişlidigi barada däl, eýsem şol adamyň birnäçe zadynyň içinden birini görkezýär.


Gysgaça deňeşdireliň

Gurluş

Manysy

Mered's book

Merediň kitaby

the book of Mered

Merediň kitaby

a book of Mered's

Merediň kitaplarynyň biri

a friend of Mered's

Merediň dostlarynyň biri


Ýatda saklaň

  • of + Noun: the capital of Turkmenistan — Türkmenistanyň paýtagty

  • of + Possessive Case: a friend of Mered's — Merediň dostlarynyň biri

Comments


bottom of page