top of page

Cardinal Numbers — Mukdar sanlary

2 days ago
3 min read
Cardinal Numbers — Mukdar sanlary


NUMBERS — SANLAR

Dil öwrenip başlanymyzda ilkinji öwrenýän zatlarymyzyň biri hem sanlardyr. Sanlar gündelik durmuşymyzda möhüm orun eýeleýär. Biz her gün ýaşymyzy aýtmakda, wagt görkezmekde, bahalary soramakda, seneleri we telefon belgilerini aýtmakda sanlary ulanýarys.


Iňlis dilinde sanlaryň görnüşleri

Iňlis dilinde sanlar esasan iki görnüşe bölünýär:

  1. Cardinal Numbers — Mukdar sanlary

  2. Ordinal Numbers — Tertip sanlary


Cardinal Numbers — Mukdar sanlary

Mukdar sanlary bir zadyň, adamyň ýa-da beýleki zatlaryň näçe sanydygyny görkezýär. Olar “Näçe?” diýen soraga jogap berýär.

Indi iňlis dilindäki Cardinal Numbers (Mukdar sanlary) bilen tanyşalyň.


Cardinal Numbers in English


Bu sanlar iňlis dilindäki beýleki sanlary öwrenmek üçin hem esas bolýar. Şonuň üçin ilkinji nobatda olaryň ýazylyşyny, aýdylyşyny we dogry okalyşyny gowy öwrenmek möhümdir.


Numbers from 11–20 in English

11-den 20-ä çenli sanlaryň köpüsiniň gurluşynda belli bir meňzeşlik bar. Mysal üçin:

  • thirteen = three + teen

  • fourteen = four + teen

  • sixteen = six + teen

  • seventeen = seven + teen

Soňkyndaky -teen goşundysy bu sanlaryň 13-den 19-a çenli toparyna degişlidigini görkezýär. Emma käbir sanlaryň ýazuwy biraz üýtgeşik bolýar. Şeýle sözleri aýratynlykda ýatda saklamak has aňsatdyr.




20-den 100-e çenli sanlar — Numbers from 20 to 100

20-den soňky sanlaryň ýazylyşynda belli bir düzgünler bar. Bu düzgünlere düşünilse, 20-den 100-e çenli sanlary öwrenmek has aňsat bolýar.


Onluk sanlar

30, 40, 50 ýaly onluk sanlaryň köpüsi -ty bilen tamamlanýar.




21-den 99-a çenli sanlar

21-den 99-a çenli, onluk däl sanlar iki bölekden düzülýär. Ilki onluk san, soňra birlik san ýazylýar.

Mysal üçin:

  • 21 = twenty-one

  • 22 = twenty-two

  • 23 = twenty-three

  • 31 = thirty-one

  • 42 = forty-two

  • 55 = fifty-five

  • 67 = sixty-seven

  • 78 = seventy-eight

  • 89 = eighty-nine

  • 99 = ninety-nine

Iki sözden düzülen sanlar ýazylanynda olaryň arasynda hyphen (-), ýagny defis ulanylýar: twenty-one, thirty-five, forty-two


Ýatda saklaň! 20, 30, 40... ýaly doly onluklar bir söz hökmünde ýazylýar: twenty, thirty, forty, fifty


-teen we -ty sanlarynyň tapawudy

Iňlis dilinde sanlarda iki sany meňzeş goşulma bar:

  1. -teen → 13-den 19-a çenli sanlar

  2. -ty → 20-den 90-a çenli onluk sanlar

-teen (13–19)

-ty (20–90)

13 — thirteen

30 — thirty

14 — fourteen

40 — forty

15 — fifteen

50 — fifty

16 — sixteen

60 — sixty

17 — seventeen

70 — seventy

18 — eighteen

80 — eighty

19 — nineteen

90 — ninety


Ýatda sakla: ✅ thirTEEN → 13 (soňy güýçli aýdylýar) ✅ THIRty → 30 (başy güýçli aýdylýar)

Mysal:

13 — thirteen /ˌθɜːrˈtiːn/

30 — thirty /ˈθɜːrti/



100-den 1000-e çenli sanlar

100-den uly sanlary aýtmak üçin hundred (ýüz) sözi ulanylýar. 100 = one hundred ýa-da a hundred (ikisi hem dogry) hundred = ýüz

Mysal:

  • 100 — one hundred / a hundred

  • 200 — two hundred

  • 300 — three hundred

100-den soň "and" ulanylyşy

Iňlis dilinde 100-den soň başga san gelende, olaryň arasynda köplenç and sözi ulanylýar. and = we

Mysal:

  • 101 — one hundred and one (ýüz we bir)

  • 125 — one hundred and twenty-five (ýüz ýigrimi bäş)

Ýöne amerikan iňlisçesinde köplenç and aýdylyp aýdylýar

101 — one hundred one ✅

101 — one hundred and one ✅


100-den 1000-e çenli sanlar



1000 — One thousand

Iňlis dilinde 1000 sany aýtmak üçin thousand sözi ulanylýar. thousand = müň 1,000 = one thousand /wʌn ˈθaʊzənd/ wan thawzend

Mysal:

  • 1,000 books — one thousand books (müň kitap)

  • 1,000 students — one thousand students (müň okuwçy)


One thousand we a thousand

1000 sany iki görnüşde aýdyp bolýar: ✅ one thousand ✅ a thousand

Mysal: I have one thousand dollars. (Mende müň dollar bar.) I have a thousand dollars. (Mende müň dollar bar.) Ikisi hem dogry.


1000-den uly sanlar

Müňden soň beýleki sanlar goşulanda hem şol düzgün dowam edýär:

  • 1,100 — one thousand one hundred (müň ýüz)

  • 2,500 — two thousand five hundred (iki müň bäş ýüz)

  • 10,000 — ten thousand (on müň)

Kiçi ýatlatma: hundred = ýüz thousand = müň 100 = one hundred 1,000 = one thousand


Comments


bottom of page