Ordinal Numbers — Tertip sanlar

Tertip sanlar (Ordinal numbers) bir zadyň tertibini ýa-da ýerini görkezýän sanlardyr. Olar şu soraga jogap berýär: Which? / Which number? — Näçenji?
Mysal:
first — birinji
second — ikinji
third — üçünji
twentieth — ýigriminji
Ordinal Numbers — Tertip sanlar
Ýatda saklaň!
✅ 1 → st — one → first → 1st
✅ 2 → nd — two → second → 2nd
✅ 3 → rd — three → third → 3rd
✅ Galan sanlar → th — four → fourth → 4th / ten → tenth → 10th
Üns beriň! 11, 12, 13 sanlary aýratyn:
11th — eleventh
12th — twelfth
13th — thirteenth
Emma:
21 → 21st
22 → 22nd
23 → 23rd
Gysga düzgün:
1 → st
2 → nd
3 → rd
galany → th (Ýöne 11, 12, 13 aýratyn ýatda saklanýar.)
Dates — Seneler
Iňlis dilinde seneleri aýtmak üçin tertip sanlar (Ordinal Numbers) ulanylýar. Sebäbi senede bir günüň näçenji gün bolandygyny aýdýarys.
Mysal:
1-nji ýanwar ➡️ the first of January
5-nji maý ➡️ the fifth of May
21-nji iýun ➡️ the twenty-first of June
Aýlaryň atlary bilen seneleri aýtmak
Iňlis dilinde seneleri iki görnüşde aýdyp bolýar:
1. British English (Iňlis görnüşi) day + month + year Mysal: 5th May 2026 = the fifth of May, twenty twenty-six (2026-njy ýylyň 5-nji maýy)
2. American English (Amerikan görnüşi) month + day + year Mysal: May 5th, 2026 = May fifth, twenty twenty-six
Ýatda saklaň! Senelerde sanlar hemişe tertip san bolýar:
❌ May five / ✅ May fifth
❌ January one / ✅ January first
Sebäbi biz: näçe? diýip däl, näçenji gün? diýip soraýarys.
Doglan güni aýtmak
My birthday is on the 10th of March. (Meniň doglan günüm 10-njy martda.)
Her birthday is on July 21st. (Onuň doglan günüm 21-nji iýulda.)
Ýyllary aýtmak
Ýyllar köplenç iki bölege bölünip aýdylýar.
2000-den öň:
1995 ➡️ nineteen ninety-five
1987 ➡️ nineteen eighty-seven
2000-den soň:
2005 ➡️ two thousand and five
2026 ➡️ twenty twenty-six




Comments