THE ENGLISH ALPHABET - Iňlis Elipbiýi

Why Is the English Alphabet Important?
Iňlis elipbiýi näme üçin möhüm?
Iňlis elipbiýini bilmek iňlis dilini öwrenmegiň ilkinji we möhüm ädimleriniň biridir. Ähli iňlis sözleri harplardan düzülýär. Şonuň üçin täze sözleri okamak, ýazmak we öwrenmek üçin ilki bilen harplary gowy tanamak zerurdyr.
Elipbiýi gowy öwrenmek size:
sözleri tanamaga we dogry ýazmaga;
sözleriň aýdylyşyna has gowy düşünmäge;
täze sözleri has aňsat öwrenmäge;
okamak we ýazmak başarnygyňyzy ösdürmäge; kömek eder
Şonuň üçin iňlis dilini öwrenmäge başlamazdan öň, iňlis elipbiýini gowy öwrenmek möhümdir. Sebäbi elipbiý — iňlis diliniň ilkinji binýadydyr.
Ýöne ýatda saklaň: iňlis dilinde diňe harplaryň adyny bilmek ýeterlik däldir. Harplaryň sözleriň içinde nähili ses berýändigini hem öwrenmek möhümdir.
English Alphabet — Iňlis elipbiýi
Iňlis elipbiýi 26 harpdan ybarat. Her harpyň iki görnüşi bar:
Uppercase (Capital letter) — Baş harp
Lowercase (Small letter) — Kiçi harp
Mysal üçin: A — a
The English Alphabet
Iňlis elipbiýindäki harplar
Bellik: Amerikan iňlis dilinde Z harpy köplenç zee, Britan iňlis dilinde bolsa zed diýip aýdylýar.
Ýatda saklaň: Bu ýerde görkezilenler harplaryň atlarydyr. Harplaryň sözleriň içindäki berýän sesleri başgaça bolup biler.
English Alphabet — Çekimliler (Vowels) and çekimsizler (Consonants)
Consonants — Çekimsizler (Consonants)
21 çekimsiz harp bar. B, C, D, F, G, H, J, K, L, M, N, P, Q, R, S, T, V, W, X, Y, Z
Vowels — Çekimliler
5 çekimli harp (Vowels): a, e, i, o, u
Y harpy aýratyn harp hasaplanýar. Sebäbi käbir sözlerde çekimsiz, käbir sözlerde bolsa çekimli harp bolup biler.
Mysal:
yellow — bu ýerde y çekimsiz ses berýär.
happy — bu ýerde y çekimli ses berýär.
Harplar we sesler — Letters and Sounds
Iňlis dilinde 26 harp bar, emma dilde 40-dan gowrak ses ulanylýar. Şonuň üçin bir harp dürli sözlerde dürli seslerde okalyp biler. Mysal üçin, käwagt birnäçe harp birleşip diňe bir sesi hem berip biler. Şonuň üçin iňlis dilini öwrenende diňe harplary däl, olaryň seslerini hem öwrenmek möhümdir.
Iňlis dilindäki sesler — English Pronunciation Sounds
Iňlis dilinde dogry okamak we dogry aýtmak örän möhümdir. Pronunciation — sözleri we sesleri dogry aýtmak diýmekdir. Iňlis sözlerini dogry aýtmak üçin ilki bilen iňlis dilindäki sesleri (sounds) öwrenmek gerek.
Sesler näme?
Harplar bilen sesler bir zat däl. Bir harp dürli sözlerde dürli ses berip biler.
Mysal:
C → cat sözünde /k/
C → center sözünde /s/
Şonuň üçin iňlis dilinde diňe harpy tanamak ýeterlik däl. Harpyň nähili ses berýändigini hem öwrenmeli.
Sesler — Sounds
Sesler — sözleri düzýän aýdylyş bölekleridir. Mysal üçin: cat → /k/ + /æ/ + /t/ Bu ýerde cat sözi üç sesden durýar.
Iňlis diliniň 44 sesi — The 44 Sounds of English
Ýatda sakla: 26 harp → 44 ses




Comments