top of page

Mugallymlar Üçin

Iňlis dili boýunça ýörite sapaklar we makalalar ýazyp, öz adyňyz hem-de hünäriňiz bilen inlisdili.com sahypasynda ornuňyzy alyň.

 

Bu hyzmatdaşlygyň maksady — ýokary hilli, düşnükli we peýdaly iňlis dili mazmunlaryny taýýarlamak arkaly hem okuwçylara goldaw bermek, hem-de mugallymlara öz hünärlerini giň köpçülige tanatmakdyr.

Mugallymlar Üçin Peýdalary

Bu hyzmatdaşlyk mugallymlar üçin birnäçe möhüm peýdalary hödürleýär.

Web sahypamyzda ýerleşdirilen mazmunlar arkaly siz:

  • öz adyňyz bilen tanalyp bilersiňiz,

  • hususy sapak bermek mümkinçiligiňizi köpeldip bilersiňiz,

  • şahsy bilim portfeliňizi döredip bilersiňiz,

  • uzak möhletleýin ygtybar (ynam) gazanyp bilersiňiz,

  • we öz hünäriňizi giň köpçülige tanadyp bilersiňiz.

Ýazylan mazmunlar siziň tejribäňizi görkezýär we size ýüz tutjak okuwçylaryň sanynyň artmagyna mümkinçilik döredýär.

Profil Maglumatlary

Mugallym hökmünde sanawda ýerleşdirilende, isleseňiz profiliňizde aşakdaky maglumatlary görkezdirip bilersiňiz:

  • Adyňyz we familiýaňyz

  • Hünäriňiz

  • Instagram sahypaňyz

  • Imo sahypaňyz

  • Telefon belgisi (isleg boýunça)

  • E-mail adresi (isleg boýunça)

Bu maglumatlar okuwçylara sizi has aňsat tapmaga we tanamaga kömek edýär.

Talap we Ýyllyk Şertler

Mugallymlar, 1 ýyllyk möhlet bilen orun almak üçin, her bir mugallym tarapyndan jemi 50 sany ýazgy taýýarlanylmalydyr. Bu ýazgylar aşakdaky görnüşlerde bolup biler:

  • Dialoglar

  • Gysga hekaýalar

  • Aýdym terjimeleri

  • Testler

  • Beýleki okuw temalary (Blog)

1 ýyl tamamlanandan soň, hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýän mugallymlar üçin 2,3,4.... nji ýyl boýunça 40 sany täze ýazgy taýýarlamak talap edilýär.

Şeýle hem iň köp ýazgysy bolan mugallym, web sahypadaky mugallymlar arasynda iň ýokarda görkeziler.

Awtor şertleri

Siziň iberen ähli ýazgylaryňyz sahypada awtor hökmünde siziň adyňyz bilen ýerleşdirilýär.

Her ýazgynyň aşagynda:

“A mugallym tarapyndan ýazylan” (Adyňyz Familyanyz ) 

diýen bellik görkezilýär. Iberen ýazgylaryňyzy inlisdili.com tarapyndan gözden geçirilýär.

 

Şeýle hem, milli däp-dessurlarymyza laýyk mazmunlaryň taýýarlanylmagy maslahat berilýär.

AI Programalary Barada

Makala taýýarlanylanda AI ýaly kömekçi programalaryndan peýdalanmaga rugsat berilýär. Bu programalar makala taýýarlanyşyny ýeňilleşdirmek we işleriňizi tizleşdirmek maksady bilen ulanylyp bilersiňiz.

Ýöne möhüm şert şudur: ýazgylaryň iň soňky barlagy, redaktirlenmegi we mazmunyň jogapkärçiligi doly mugallyma degişlidir. Sahypa iberilmezden ozal, ähli makalalara üns bilen barlanmalydyr.

Web Saýdymyza iberilýän makalalar düşnükli, dogry, tertipli we okyjy üçin peýdaly bolmalydyr. Mazmunlar bilim maksadyna laýyk gelmeli hem-de okyjylara real peýda bermelidir.

Instagram Üsti Bilen Goldaw

Mugallymlaryň hususy sapak alyp bilmegi üçin, isleg boýunça Instagram sahypalary arkaly goldaw berilýär. Bu goldaw mugallymyň tanadylmagyna we okuwçylaryň size has aňsat ýüz tutmagyna kömek edýär.

 

Ortaça hepde bir gezek ýa-da iki hepdede bir gezek, mugallymyň Instagram profili inlisdili.com Instagram sahypasynyň story bölüminde paýlaşylýar.

 

Şeýle hem, eger mugallym tarapyndan taýýarlanan gysga wideo iberilse, sizi bellemek arkaly inlisdili.com Instagram sahypasynda hem paýlaşylyp bilner.

Jogapkärçilik Barada Möhüm Bellik

inlisdili.com diňe mugallymlar üçin web saýt we instagramda ýer berýär.

Hususy sapak boýunça:

 

  • okuwçy bilen mugallymyň arasynda baglanyşyk gurmaýar,

  • sapak şertlerine goşulmaýar,

  • töleg, ylalaşyk ýa-da sapak prosesi boýunça hiç hili jogapkärçilik almaýar.

 

Okuwçy bilen mugallym ähli meseleleri öz aralarynda ylalaşmalydyr.

Makalalaryňyzy Yza Alyp Bolmaýar

Bu hyzmatdaşlyk şertlerine laýyklykda, sahypada ýerleşdirilen ýazgylary soňundan yza almak ýa-da pozdurmak hukugy ýokdur.

Ýazgy sahypada paýlaşylandan soň, ol şertnama düzgünlerine laýyklykda islendik sebäbe görä pozulmaýar.

Diňe makalaňyz ýalňyş ýaly zatlar bolsa, şol ýagdaýda gaýtadan ýazylyp biler.

Arzaňyz Üçin Sag Boluň!

bottom of page