top of page

Infinitive: To + Verb — Düýp işlik

1 day ago
4 min read
Infinitive: To + Verb — Düýp işlik

1. Infinitive näme?

Infinitive — işligiň öňünden to goýlup ýasalan görnüşidir.

Düzülişi: to + işligiň esasy görnüşi

Verb (Işlik)

Infinitive (Düýp işlik)

go

to go

read

to read

learn

to learn

write

to write

play

to play

eat

to eat

speak

to speak

be

to be

Mysallar:

  • I want to learn English. — Men iňlis dilini öwrenmek isleýärin.

  • She likes to read. — Ol kitap okamagy halaýar.

  • We need to go home. — Biz öýe gitmeli.


2. To bilen ulanylýan işlikler

Iňlis dilinde käbir işliklerden soň başga bir işlik gelende, ikinji işligiň öňünden to goýulýar.

Düzülişi: Subject + verb + to + verb

Mysal: I want to learn. — Men öwrenmek isleýärin.

Aşakdaky işlikleri ýatda saklaň:

Want — islemek

Bir zady etmek isleýändigiňizi aýtmak üçin ulanylýar.

  • I want to sleep. — Men uklamak isleýärin.

  • She wants to read. — Ol kitap okamak isleýär.

  • They want to play. — Olar oýnamak isleýärler.

Ýatda saklaň: want sözünden soň başga işlik gelse, onuň öňünden to goýulýar.

Need — zerur bolmak, gerek bolmak

Bir işi etmek zerurdygyny ýa-da gerekdigini aýtmak üçin ulanylýar.

  • I need to study. — Men okamaly.

  • He needs to work. — Ol işlemeli.

  • We need to go home. — Biziň öýe gitmegimiz gerek.

Ýatda saklaň: need sözünden soň başga işlik gelse, onuň öňünden to goýulýar.

Hope — umyt etmek

Bir zadyň bolmagyna ýa-da bir işi etmäge umyt edýändigiňizi aňladýar.

  • I hope to see you. — Seni görmäge umyt edýärin.

  • She hopes to win. — Ol ýeňiş gazanmagy umyt edýär.

  • We hope to pass the exam. — Biz synagdan geçmegi umyt edýäris.

Ýatda saklaň: hope sözünden soň başga işlik gelse, onuň öňünden to goýulýar.

Plan — meýilleşdirmek

Bir işi etmegi öňünden meýilleşdirýändigiňizi aňladýar.

  • I plan to travel. — Men syýahat etmegi meýilleşdirýärin.

  • He plans to study English. — Ol iňlis dilini öwrenmegi meýilleşdirýär.

  • They plan to visit us. — Olar bize gelmegi meýilleşdirýärler.

Ýatda saklaň: plan sözünden soň başga işlik gelse, onuň öňünden to goýulýar.

Decide — karar bermek

Bir zady etmegi ýüregiňize düweniňizde ýa-da karar bereniňizde ulanylýar.

  • I decided to stay. — Men galmagy karar etdim.

  • She decided to learn English. — Ol iňlis dilini öwrenmegi karar etdi.

  • We decided to go home. — Biz öýe gitmegi karar etdik.

Ýatda saklaň: decide sözünden soň başga işlik gelse, onuň öňünden to goýulýar.

Learn — öwrenmek

Bir zady etmegi öwrenýändigiňizi aýtmak üçin ulanylýar.

  • I am learning to cook. — Men nahar bişirmegi öwrenýärin.

  • She learned to swim. — Ol ýüzmegi öwrendi.

  • He wants to learn to drive. — Ol maşyn sürmegi öwrenmek isleýär.

Soňky mysalda iki gezek to ulanylýar:

  • want to learn — öwrenmek isleýär

  • learn to drive — maşyn sürmegi öwrenmek

Try — synanyşmak

Bir işi etmäge synanyşýandygyňyzy aňladýar.

  • I try to speak English. — Men iňlisçe geplemäge synanyşýaryn.

  • He tried to open the door. — Ol gapyny açmaga synanyşdy.

  • Try to read this sentence. — Şu sözlemi okamaga synanyş.

Ýatda saklaň: try sözünden soň başga işlik gelse, onuň öňünden to goýulýar.

Would like — islemek

Would like bir zady sypaýyçylyk bilen isländigiňizi aýtmak üçin ulanylýar. Ol köplenç want sözüne garanyňda sypaýy eşidilýär.

  • I would like to drink tea. — Men çaý içmek isleýärin.

  • She would like to learn English. — Ol iňlis dilini öwrenmek isleýär.

  • We would like to visit London. — Biz Londona baryp görmek isleýäris.

Ýatda saklaň: would like sözünden soň başga işlik gelse, onuň öňünden to goýulýar.

Esasy düzgün

Bu işliklerden soň başga bir işlik gelende, to + işligiň esasy görnüşi ulanylýar.

  • Dogry: I want to read. ✓ / She needs to study. ✓ / He plans to travel. ✓

  • Nädogry: I want read. ✗

Sesli mysallar (Esasy gurluşlar):



Ýatda saklaň:

I want to go. ✓

I want go. ✗


3. Maksady aňlatmak üçin to

Bir işi näme maksat bilen edýändigimizi düşündirmek üçin to + verb ulanyp bileris.

  • I go to school to learn. — Men öwrenmek üçin mekdebe gidýärin.

  • She went to the shop to buy bread. — Ol çörek satyn almak üçin dükana gitdi.

  • He studies English to get a good job. — Ol gowy iş tapmak üçin iňlis dilini öwrenýär.

Bu ýerde to «...mak üçin / ...mek üçin» diýen manyny berýär.


4. Sypatlardan soň to + verb

Käbir sypatlardan soň hem to + verb ulanylýar.

  • I am happy to see you. — Seni görendigime begenýärin.

  • This book is easy to read. — Bu kitaby okamak aňsat.

  • It is difficult to learn a new language. — Täze dil öwrenmek kyn.


5. To bolmazdan ulanylýan işlikler (Bare infinitive)

Käbir ýagdaýlarda işligiň öňünden to goýulmaýar. Mysal üçin, can we can't sözlerinden soň işlik esasy görnüşinde gelýär.

Düzülişi: can / can't + verb

Dogry

Nädogry

I can swim.

I can to swim.

She can speak English.

She can to speak English.

He can't drive.

He can't to drive.

Mysallar:

  • I can read. — Men okap bilýärin.

  • She can sing. — Ol aýdym aýdyp bilýär.

  • We can't come today. — Biz şu gün gelip bilmeýäris.

Ýatda saklaň: Can we can't sözlerinden soň hiç haçan to goýmaň.

6. To iki dürli manyda ulanylýar

  1. Infinitive düzmek üçin:

    I want to learn. — Men öwrenmek isleýärin.

  2. Ýer ýa-da ugur görkezmek üçin:

    I go to school. — Men mekdebe gidýärin.

Birinji sözlemde to learn infinitive, ikinjisinde bolsa to school «mekdebe» diýen manyny berýär.


7. Ýalňyşlardan gaça duruň

Nädogry

Dogry

I want go.

I want to go.

She needs study.

She needs to study.

He can to swim.

He can swim.

I want to going.

I want to go.


Comments


bottom of page