top of page

Present Continuous Tense — Häzirki dowamly zaman

2 hours ago
9 min read
Present Continuous Tense — Häzirki dowamly zaman


1. Present Continuous Tense näme?

Present Continuous Tense häzirki wagtda dowam edip duran hereketleri aňlatmak üçin ulanylýar. Ýagny, bir hereketiň hut şu wagt ýa-da häzirki döwürde bolup geçýändigini görkezýär.

Türkmen diline köplenç “-ýar/-ýär”, “-yp/-ip otyr” ýaly manylar bilen terjime edilýär.

Mysallar:

  • I am reading a book. — Men kitap okaýaryn.

  • She is cooking dinner. — Ol agşamlyk naharyny taýýarlaýar.

  • They are playing football. — Olar futbol oýnaýarlar.

  • We are learning English. — Biz iňlis dilini öwrenýäris.

  • He is sleeping now. — Ol häzir uklap ýatyr.

Bu sözlemleriň hemmesinde hereket häzirki wagtda bolup geçýär.


Present Continuous Tense-iň gurluşy

Bu zamany düzmek üçin iki esasy zat gerek:

  1. To be işliginiň degişli görnüşi: am, is, are.

  2. Esasy işlik. Esasy işligiň yzyndan -ing goşulmasy gelýär.

Formulasy: Subject + am/is/are + Verb-ing + ...

  • Subject — sözlemiň eýesi.

  • Verb — işlik.

Mysallar:

  • I am writing. — Men ýazýaryn.

  • You are reading. — Sen okaýarsyň.

  • He is running. — Ol ylgaýar.

  • We are working. — Biz işleýäris.

  • They are singing. — Olar aýdym aýdýarlar.


Am, Is, Are haçan ulanylýar?

Am, is, are — to be işliginiň görnüşleridir. Olaryň haýsysynyň ulanylýandygy sözlemiň eýesine baglydyr:

Eýe (Subject)

To be

Mysal

I

am

I am reading. — Men okaýaryn.

He

is

He is reading. — Ol okaýar.

She

is

She is reading. — Ol okaýar.

It

is

It is running. — Ol ylgaýar.

You

are

You are reading. — Sen okaýarsyň.

We

are

We are reading. — Biz okaýarys.

They

are

They are reading. — Olar okaýarlar.

Ýatda saklaň:I bilen am ulanylýar.He, she, it bilen is ulanylýar.

You, we, they bilen are ulanylýar.



Ýokluk sözlemler (Negative Sentences)

Bir hereketiň bolmaýandygyny aýtmak üçin am, is, are sözlerinden soň not goýulýar.

Formulasy: Subject + am/is/are + not + Verb-ing + ...

Mysallar:

  • I am not sleeping. — Men uklamok.

  • He is not working. — Ol işlemeýär.

  • She is not cooking. — Ol nahar bişirmeýär.

  • We are not playing football. — Biz häzir futbol oýnamaýarys.

  • They are not watching TV. — Olar telewizor görmeýärler.

Soňky iki mysalyň manysyna üns beriň: bu ýerde häzirki wagtda bolup geçmeýän hereket aýdylýar.

Gysgaldylan görnüşler:

  • is not = isn't

  • are not = aren't

Mysallar:

  • She isn't reading. — Ol kitap okamaýar.

  • They aren't sleeping. — Olar uklamaýarlar.

I am not köplenç I'm not görnüşinde gysgaldylýar:

  • I'm not working now. — Men häzir işlemeýärin.



Sorag sözlemleri (Questions)

Present Continuous Tense-de sorag düzmek üçin am, is ýa-da are sözlemiň başyna geçirilýär.

Formulasy: Am/Is/Are + Subject + Verb-ing + ...?

Mysallar:

  • Am I speaking correctly? — Men dogry gepleýärinmi?

  • Is he reading a book? — Ol kitap okaýarmy?

  • Is she cooking dinner? — Ol agşamlyk naharyny taýýarlaýarmy?

  • Are you listening to me? — Sen meni diňleýärsiňmi?

  • Are they playing outside? — Olar daşarda oýnaýarlarmy?

Gysga jogaplar:

  • Are you studying? — Sen sapak okaýarsyňmy?

    Yes, I am. — Hawa. / No, I'm not. — Ýok.

  • Is she sleeping? — Ol uklap ýatyrmy?

    Yes, she is. — Hawa. / No, she isn't. — Ýok.

  • Are they working? — Olar işleýärlermi?

    Yes, they are. — Hawa. / No, they aren't. — Ýok.

Ýatda saklaň: Sorag sözleminde esasy işlik däl-de, am, is ýa-da are başa geçirilýär.


WH-Questions in the Present Continuous Tense — WH-sorag sözleri bilen sorag sözlemleriniň düzülişi

WH-Questions — belli bir maglumat almak üçin berilýän sorag sözlemleridir. Bu soraglara diňe Yes (Hawa) ýa-da No (Ýok) diýip jogap bermek ýeterlik däldir. Soragyň manysyna görä, hereket, ýer, wagt, sebäp ýa-da adam barada jogap berilýär.

Mysal üçin:

  • What are you doing? — Sen näme edýärsiň?

  • Where is she going? — Ol nirä barýar?

  • Why are they laughing? — Olar näme üçin gülýärler?


Esasy WH-sorag sözleri

Sorag sözi

Türkmençe manysy

Näme barada soraýar?

What

Näme? / Näme edýär?

Hereket ýa-da zat

Where

Nirä? / Nirede?

Ýer

When

Haçan?

Wagt

Why

Näme üçin?

Sebäp

Who

Kim?

Adam

Whose

Kimiň?

Eýeçilik

Which

Haýsy?

Saýlaw

How

Nähili? / Nädip?

Ýagdaý ýa-da usul

How many

Näçe?

Sanalýan zatlaryň sany

How much

Näçe?

Bahasy ýa-da sanalmaýan zadyň mukdary


WH-Questions nähili düzülýär?

Present Continuous Tense-de WH-sorag sözlemlerini düzmek üçin aşakdaky gurluş ulanylýar:

WH-word + am/is/are + Subject + Verb-ing + ...?

Bu ýerde:

  • WH-word — sorag sözi.

  • Am / Is / Are — to be işliginiň degişli görnüşi.

  • Subject — sözlemiň eýesi.

  • Verb-ing — esasy işligiň -ing goşulan görnüşi.

Mysal:

What + are + you + doing?

  • What are you doing? — Sen näme edýärsiň?

Ýatda saklaň: WH-sorag sözi sözlemiň başynda gelýär. Ondan soň am, is ýa-da are, soňra eýe we -ing görnüşindäki işlik ulanylýar.

Her bir WH-sorag sözüniň ulanylyşy

A. WHAT — Näme? / Näme edýär?

Hereket ýa-da zat barada soramak üçin ulanylýar:

  • What are you reading? — Sen näme okaýarsyň?

  • What is she cooking? — Ol näme bişirýär?

  • What are they playing? — Olar näme oýnaýarlar?

  • What is your brother doing? — Seniň erkek doganyň näme edýär?


B. WHERE — Nirä? / Nirede?

Bir hereketiň nirede ýa-da haýsy ýere tarap bolup geçýändigini soramak üçin ulanylýar:

  • Where are you going? — Sen nirä barýarsyň?

  • Where is he working? — Ol nirede işleýär?

  • Where are the children playing? — Çagalar nirede oýnaýarlar?

  • Where is your mother going? — Ejeň nirä barýar?


C. WHEN — Haçan?

Hereketiň wagty barada soramak üçin ulanylýar:

  • When are you leaving? — Sen haçan gidýärsiň?

  • When is she coming? — Ol haçan gelýär?

  • When are they meeting the teacher? — Olar mugallym bilen haçan duşuşýarlar?

  • When are we starting the lesson? — Biz sapaga haçan başlaýarys?


D. WHY — Näme üçin?

Hereketiň sebäbini bilmek üçin ulanylýar:

  • Why are you crying? — Sen näme üçin aglaýarsyň?

  • Why is he laughing? — Ol näme üçin gülýär?

  • Why are they running? — Olar näme üçin ylgaýarlar?

  • Why is your sister studying? — Seniň gyz doganyň näme üçin sapak okaýar?


E. WHO — Kim?

Hereketi ýerine ýetirýän adam ýa-da adamlar barada soramak üçin ulanylýar:

  • Who is calling you? — Saňa kim jaň edýär?

  • Who is talking to the teacher? — Mugallym bilen kim gepleşýär?

  • Who is sitting near the window? — Penjiräniň ýanynda kim otyr?

  • Who is playing with the children? — Çagalar bilen kim oýnaýar?

Üns beriň: Eger who hereketi ýerine ýetirýän adamyň özi barada sorasa, gurluş üýtgäp biler. Mysal üçin, Who is calling you? sözleminde who eýedir. Şonuň üçin goşmaça he, she ýa-da they goýulmaýar.

F. WHOSE — Kimiň?

Bir zadyň kime degişlidigini soramak üçin ulanylýar. Ol köplenç at bilen bile gelýär:

  • Whose book are you reading? — Sen kimiň kitabyny okaýarsyň?

  • Whose phone is she using? — Ol kimiň telefonyny ulanýar?

  • Whose bag are they carrying? — Olar kimiň sumkasyny göterýärler?


G. WHICH — Haýsy?

Iki ýa-da birnäçe zadyň arasyndan haýsysydygyny soramak üçin ulanylýar:

  • Which book are you reading? — Sen haýsy kitaby okaýarsyň?

  • Which dress is she wearing? — Ol haýsy köýnegi geýýär?

  • Which game are they playing? — Olar haýsy oýny oýnaýarlar?


H. HOW — Nädip? / Nähili?

Hereketiň nähili ýerine ýetirilýändigini ýa-da adamyň ýagdaýyny soramak üçin ulanylýar:

  • How are you feeling? — Özüňi nähili duýýarsyň?

  • How is he travelling? — Ol nähili ulag bilen syýahat edýär?

  • How are they doing? — Olaryň işleri nähili?

  • How is your mother feeling today? — Ejeň şu gün özüni nähili duýýar?


I. HOW MANY — Näçe?

Sanalýan zatlaryň sany barada soramak üçin ulanylýar:

  • How many students are taking the test? — Näçe okuwçy test tabşyrýar?

  • How many books are you carrying? — Sen näçe kitap göterýärsiň?

  • How many children are playing outside? — Daşarda näçe çaga oýnaýar?


J. HOW MUCH — Näçe?

Bahasy ýa-da sanalmaýan zatlaryň mukdary barada soramak üçin ulanylýar:

  • How much water are you drinking? — Sen näçe suw içýärsiň?

  • How much money are you spending? — Sen näçe pul harçlaýarsyň?

  • How much sugar is she adding? — Ol näçe şeker goşýar?


WH-Questions boýunça gysgaça jemleme

Sorag

Iňlisçe jogap

Türkmençe terjime

What are you doing?

I am reading.

Men kitap okaýaryn.

Where are you going?

I am going home.

Men öýe barýaryn.

When are you leaving?

I am leaving tomorrow.

Men ertir gidýärin.

Why are you smiling?

Because I am happy.

Sebäbi men begenýärin.

Who is calling you?

My mother is calling me.

Maňa ejem jaň edýär.

Whose book are you reading?

I am reading Ali's book.

Men Aliniň kitabyny okaýaryn.

Which dress is she wearing?

She is wearing the red dress.

Ol gyzyl köýnegi geýýär.

How are you feeling?

I am feeling fine.

Men özümi gowy duýýaryn.

How many students are studying?

Five students are studying.

Bäş okuwçy sapak okaýar.

How much water are you drinking?

I am drinking one glass.

Men bir bulgur suw içýärin.

Esasy düzgün: Present Continuous Tense-de WH-soraglaryny düzende, sorag sözüni başda goýuň, soňra am/is/are, eýe we esasy işligiň -ing görnüşini ulanyň. Ýöne who hereketi ýerine ýetirýän eýe bolup gelende, aýratyn gurluş ulanylýar.


Present Continuous Tense-iň ulanylyş ýerleri

1. Hut gepleşilýän pursatda bolup geçýän hereketler

Bir hereket edil häzir, ýagny gepleýän pursadymyzda dowam edýän bolsa, Present Continuous Tense ulanylýar.

Mysal:

  • The children are sleeping now. — Çagalar häzir uklap ýatyrlar.

  • I am writing a letter. — Men hat ýazýaryn.

  • She is talking on the phone. — Ol telefonda gepleşýär.

  • Look! The dog is running. — Seret! It ylgaýar.

  • Listen! Somebody is singing. — Diňle! Kimdir biri aýdym aýdýar.

Düşündiriş: Bu sözlemlerde hereketiň hut häzirki wagtda bolup geçýändigi görkezilýär. Now (häzir), look (seret!) we listen (diňle!) ýaly sözler hereketiň dowam edýändigine ünsi çekip biler. Emma bu sözleriň bolmagy hökmany däldir.


2. Häzirki döwürde dowam edýän, ýöne edil şu pursatda ýerine ýetirilmeýän hereketler

Present Continuous diňe şu sekuntda bolup geçýän hereketler üçin ulanylmaýar. Ol häzirki döwürde dowam edýän, belli bir wagtlaýyn döwri öz içine alýan hereketleri hem aňladýar. Adam şol hereketi hut şu pursatda ýerine ýetirmeýän hem bolup biler.

Mysal:

  • I am learning English this year. — Men şu ýyl iňlis dilini öwrenýärin.

  • She is writing a book. — Ol kitap ýazýar.

  • He is studying at university. — Ol uniwersitetde okaýar.

  • We are preparing for our exams these days. — Biz şu günlerde synaglarymyza taýýarlanýarys.

Düşündiriş: Mysal üçin, I am learning English this year diýen sözlemde adam häzirki wagtda iňlis dilini öwrenmek bilen meşgullanýar. Ýöne ol sözlemi aýdýan pursadynda hökmany suratda kitap okap ýa-da sapak öwrenip oturan bolmaly däl. Hereket häzirki döwürde dowam edýär.


3. Wagtlaýyn ýagdaýlar

Adatça hemişelik bolmadyk, belli bir döwür üçin dowam edýän ýagdaýlary aňlatmakda Present Continuous ulanylýar.

Mysal:

  • I am staying with my aunt this week. — Men şu hepde daýzamda galýaryn.

  • My brother is working in Ashgabat for two months. — Erkek doganym iki aýlap Aşgabatda işleýär.

  • She is living with her parents at the moment. — Ol häzir ene-atasy bilen ýaşaýar.

  • We are using a different classroom this week. — Biz şu hepde başga synp otagyny ulanýarys.

Düşündiriş: Bu sözlemlerdäki ýagdaýlar wagtlaýyn häsiýete eýedir. Olaryň hemişelik dowam etjekdigi aýdylmaýar.

Deňeşdiriň:

  • I live in Ashgabat. — Men Aşgabatda ýaşaýaryn. (Adaty ýa-da hemişelik ýagdaý hökmünde görkezilýär.)

  • I am living in Ashgabat for a few months. — Men birnäçe aýlap Aşgabatda ýaşaýaryn. (Wagtlaýyn ýagdaý.)


4. Üýtgeýän, ösýän ýa-da kem-kemden başga ýagdaýa geçýän hereketler

Bir ýagdaý wagtyň geçmegi bilen üýtgeýän, ösýän ýa-da kem-kemden başga ýagdaýa geçýän bolsa, Present Continuous ulanylýar.

Mysal:

  • The weather is getting colder. — Howa sowap barýar.

  • Your English is improving. — Iňlis diliň gowulanýar.

  • The children are growing quickly. — Çagalar çalt ulalýarlar.

  • The price of food is increasing. — Azyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar.

  • The situation is changing. — Ýagdaý üýtgeýär.

Düşündiriş: Bu sözlemler bir gezeklik hereketi däl-de, wagtyň dowamynda bolup geçýän üýtgeşmäni görkezýär.


5. Täze ýagdaýlar we häzirki döwürde üýtgeýän endikler

Öňki döwür bilen deňeşdirilende häzirki wagtda täze bolup başlan ýa-da üýtgäp barýan ýagdaýlary görkezmek üçin hem Present Continuous ulanylýar.

Mysal:

  • More people are using smartphones nowadays. — Häzirki döwürde has köp adam smartfon ulanýar.

  • Students are learning English online more often. — Okuwçylar iňlis dilini internet arkaly has ýygy öwrenýärler.

  • People are buying more electric cars. — Adamlar has köp elektrikli ulag satyn alýarlar.

Düşündiriş: Bu ýerde esasy pikir hereketiň hut şu sekuntda bolup geçmegi däl-de, häzirki döwürde dowam edýän täze meýli ýa-da üýtgeşmäni görkezmekdir.



Present Continuous Tense bilen ulanylýan wagt sözleri

Iňlisçe

Türkmençe

Now

Häzir

Right now

Hut şu wagt

At the moment

Şu pursatda

Today

Şu gün

This week

Şu hepde

These days

Şu günlerde

Tonight

Şu gije

Tomorrow

Ertir

Next week

Indiki hepde

Mysallar:

  • I am doing my homework now. — Men häzir öý işimi ýerine ýetirýärin.

  • She is studying at the moment. — Ol şu pursatda sapak okaýar.

  • We are visiting our grandparents tomorrow. — Biz ertir mamamyzy we atamyzy görmäge barýarys.

Bellik: Wagt sözüniň bolmagy öz-özünden Present Continuous Tense-i aňlatmaýar. Sözlemiň manysyna we gurluşyna hem üns bermeli.


Present Simple we Present Continuous Tense-iň tapawudy

Bu iki zaman köplenç biri-biri bilen garyşdyrylýar. Olaryň esasy tapawudy hereketiň hemişelik endikmi ýa-da häzirki wagtda dowam edýän hereketmi bolmagydyr:

  • Present Simple — adatça gaýtalanýan hereketler, endikler we umumy hakykatlar üçin ulanylýar.

  • Present Continuous — häzirki wagtda dowam edýän hereketler we wagtlaýyn ýagdaýlar üçin ulanylýar.

Present Simple

Present Continuous

I read every day. — Men her gün kitap okaýaryn.

I am reading now. — Men häzir kitap okaýaryn.

She works every day. — Ol her gün işleýär.

She is working now. — Ol häzir işleýär.

They play football on Sundays. — Olar ýekşenbe günleri futbol oýnaýarlar.

They are playing football now. — Olar häzir futbol oýnaýarlar.

He usually drinks tea. — Ol adatça çaý içýär.

He is drinking tea now. — Ol häzir çaý içýär.

Deňeşdiriň:

  • I go to school every day. — Men her gün mekdebe barýaryn. (Endik.)

  • I am going to school now. — Men häzir mekdebe barýaryn. (Häzirki hereket.)


Present Continuous haçan ulanylmaýar?

Käbir işlikler hereketi däl-de, duýgyny, pikiri, eýeçiligi ýa-da düşünjäni aňladýar. Şeýle işlikler köplenç Present Continuous Tense-de ulanylmaýar. Olar adatça Present Simple bilen ulanylýar:

  • Duýgy bildirýän işlikler: like — halamak, love — söýmek, hate — ýigrenmek, dislike — halamazlyk

  • Pikir we düşünje bildirýän işlikler: know — bilmek, understand — düşünmek, believe — ynanmak, recognize — tanamak

  • Eýeçilik we zerurlyk bildirýän işlikler: own — eýe bolmak, belong — degişli bolmak, need — mätäç bolmak, prefer — ileri tutmak


Mysallar:

  • I know the answer. — Men jogaby bilýärin.

  • She likes apples. — Ol almalary halaýar.

  • We understand the lesson. — Biz sapaga düşünýäris.

  • This book belongs to me. — Bu kitap maňa degişli.

  • He needs help. — Oňa kömek gerek.

  • I prefer tea. — Men çaýy has gowy görýärin.

Bu mysallarda am knowing, is liking ýa-da are understanding ýaly görnüşler adaty manyda ulanylmaýar.

Üns beriň: Käbir işlikleriň manysy üýtgese, olaryň dowamly zamanda ulanylyşy hem üýtgäp biler:

I think you are right. — Men seniň dogry aýdýandygyňy pikir edýärin. (Pikir ýa-da garaýyş bildirýär.)

I am thinking about my future. — Men geljegim barada pikirlenýärin. (Pikirlenmek hereketini aňladýar.)



Gysgaça jemleme

Present Continuous Tense häzirki wagtda dowam edýän hereketleri, häzirki döwürdäki wagtlaýyn ýagdaýlary, üýtgeýän ýagdaýlary we öňünden meýilleşdirilen geljekki işleri aňlatmak üçin ulanylýar.

Esasy düzgünleri ýatda saklaň:

  • Barlyk: Subject + am/is/are + Verb-ing.

  • Inkär: Subject + am/is/are + not + Verb-ing.

  • Sorag: Am/Is/Are + Subject + Verb-ing?

  • Gysga jogap: Yes, I am. / No, I am not.

Iň esasy zat: Present Continuous Tense-de am, is ýa-da are bolmaly we esasy işlik -ing görnüşinde gelmeli.

Present Continuous Tense bilen ulanylýan frazalar


Mysallar



Comments


bottom of page