top of page

Prepositions of Movement — Hereketi we ugry görkezýän sözsoňular

7 hours ago
3 min read
Prepositions of Movement — Hereketi we ugry görkezýän sözsoňular

Iňlis dilinde Prepositions of Movement adamlaryň ýa-da zatlaryň haýsy ugra hereket edýändigini, nireden gelýändigini we haýsy ýol bilen hereket edýändigini görkezýär.

Mysal üçin:

  • I go to school. — Men mekdebe gidýärin.

  • She walked into the room. — Ol otaga girdi.

  • The boy ran across the road. — Oglan ýoluň bir tarapyndan beýleki tarapyna ylgady.

Hereketi görkezýän sözler köplenç go, come, walk, run, drive, fly, jump ýaly işlikler bilen ulanylýar.


1. Hereketi görkezýän esasy sözler

Söz

Türkmençe manysy

Mysal

to

bir ýere, -a/-e

We went to school. — Biz mekdebe gitdik.

toward(s)

bir tarapa

She walked toward me. — Ol meniň tarapyma ýöredi.

into

içine, içeri

He went into the room. — Ol otaga girdi.

onto

üstüne

The cat jumped onto the table. — Pişik stoluň üstüne bökdi.

from

-dan/-den

I came from school. — Men mekdepden geldim.

away from

bir zatdan uzaklaşyp

He moved away from the door. — Ol gapydan uzaklaşdy.

out of

içinden daşary

She walked out of the house. — Ol öýden çykdy.

off

üstünden düşüp, aýrylyp

He jumped off the bus. — Ol awtobusdan düşdi.

across

bir tarapyndan beýleki tarapyna

We walked across the road. — Biz ýoluň beýleki tarapyna geçdik.

through

içinden geçip

The train went through the tunnel. — Otly tuneliň içinden geçdi.

along

boýlap

They walked along the river. — Olar derýanyň boýy bilen ýörediler.

past

ýanyndan geçip

She walked past the shop. — Ol dükanyň ýanyndan geçip gitdi.

around

daşyndan aýlanyp

He ran around the tree. — Ol agajyň daşyndan ylgady.

over

üstünden aşyp

The dog jumped over the fence. — It germewden aşyp bökdi.

under

aşagyndan

We walked under the bridge. — Biz köpriniň aşagyndan geçdik.

up

ýokaryk

She ran up the stairs. — Ol basgançaklardan ýokaryk ylgady.

down

aşak

He walked down the stairs. — Ol basgançaklardan aşak düşdi.

Ýatda saklaň: 

Bu sözleri diňe aýratyn ýat tutman, söz düzümleri bilen öwrenmek peýdalydyr: into the room, across the road, up the stairs, out of the house.



Hereketi görkezýän sözler bilen sözlem düzmek

Iň ýönekeý sözlem gurluşy:

Subject + Verb + Preposition + Place

Mysallar:

  • The girl walked into the classroom. — Gyz synp otagyna girdi.

  • The children ran around the playground. — Çagalar oýun meýdançasynyň daşyndan ylgadylar.

  • He walked toward the door. — Ol gapynyň tarapyna ýöredi.

Käwagt hereket edýän zat işlikden soň gelýär:

  • She threw the ball over the fence. — Ol topy germewden aşyrdy.


Hereketi we ýeri görkezýän sözleriň tapawudy

Prepositions of Movement hereketiň ugruny görkezýär. Prepositions of Place bolsa adamyň ýa-da zadyň nirede ýerleşýändigini görkezýär.

Hereket — Movement

Ýer — Place

She went into the room. — Ol otaga girdi.

She is in the room. — Ol otagyň içinde.

The cat jumped onto the bed. — Pişik düşegiň üstüne bökdi.

The cat is on the bed. — Pişik düşegiň üstünde.

He ran out of the house. — Ol öýden çykdy.

He is outside the house. — Ol öýüň daşynda.


Käbir işliklerden soň goşmaça sözsoňy gerek däl

Käbir işlikleriň özünde hereketiň ugry eýýäm bar. Şonuň üçin olaryň öňünden goşmaça sözsoňy goýmak gerek däl.

❌ Nädogry

✅ Dogry

Türkmençe

enter into the room

enter the room

otaga girmek

arrive to the airport

arrive at the airport

howa menziline gelip ýetmek

go to home

go home

öýe gitmek

Arrive işliginiň ulanylyşy:

  • arrive at — belli bir ýere ýa-da nokada gelip ýetmek: arrive at the station.

  • arrive in — şähere ýa-da ýurda gelip ýetmek: arrive in London, arrive in Turkmenistan.

Mysallar:

  • We arrived at the station. — Biz wokzala gelip ýetdik.

  • They arrived in London. — Olar Londona gelip ýetdiler.

  • I went home after school. — Men mekdepden soň öýe gitdim.


Gysgaça jemleme

  • TO — bir ýere.

  • INTO — içine.

  • ONTO — üstüne.

  • FROM — -dan/-den.

  • OUT OF — içinden daşary.

  • ACROSS — bir tarapyndan beýleki tarapyna.

  • THROUGH — içinden geçip.

  • ALONG — boýlap.

  • PAST — ýanyndan geçip.

  • AROUND — daşyndan aýlanyp.

  • OVER — üstünden aşyp.

  • UNDER — aşagyndan.

  • UP — ýokaryk.

  • DOWN — aşak.


Mysallar



Comments


bottom of page