top of page

Prepositions of Time: AT, IN, ON — Wagty görkezýän sözsoňular

7 hours ago
4 min read
Prepositions of Time: AT, IN, ON — Wagty görkezýän sözsoňular


Iňlis dilinde at, in, on sözleri bir hereketiň ýa-da wakanyň haçan bolýandygyny görkezmek üçin ulanylýar. Türkmen diline terjime edilende, köplenç -da, -de, wagtynda, ... güni ýaly manylary berýär.

Bu sözleriň ulanylyşy wagt bilen baglanyşykly üç esasy topara bölünýär:

  • AT — takyk wagt.

  • IN — günüň bölekleri, aýlar, pasyllar we ýyllar.

  • ON — hepdäniň günleri we anyk seneler.


AT — takyk wagt

AT köplenç sagadyň takyk wagty, naharlanmagyň wagty we käbir ýörite wagt aňlatmalary bilen ulanylýar.

A) Sagat bilen

English

Türkmençe

at 6 o'clock

sagat 6-da

at 7:30

sagat 7:30-da

at 9 a.m.

irden sagat 9-da

at 5 p.m.

agşam sagat 5-de

at midnight

ýary gije

Mysallar:

  • I get up at 6 o'clock. — Men sagat 6-da turýaryn.

  • She goes to school at 8 a.m. — Ol irden sagat 8-de mekdebe gidýär.

  • We go to bed at 10 p.m. — Biz agşam sagat 10-da ýatýarys.


B) Naharlanmagyň we arakesmäniň wagty bilen

English

Türkmençe

at breakfast time

ertirlik naharynyň wagtynda

at lunchtime

günortanlyk naharynyň wagtynda

at dinner time

agşamlyk naharynyň wagtynda

at break time

arakesme wagtynda

Mysallar:

  • I read a book at lunchtime. — Men günortanlyk naharynyň wagtynda kitap okaýaryn.

  • We play games at break time. — Biz arakesme wagtynda oýun oýnaýarys.


C) Käbir ýörite wagt aňlatmalary bilen

English

Türkmençe

at night

gijelerine

at the weekend

dynç günlerinde

at Christmas

Roždestwo baýramy döwründe

at Easter

Pasha baýramy döwründe

Mysallar:

  • I sleep at night. — Men gijelerine uklaýaryn.

  • We visit our grandparents at the weekend. — Biz dynç günlerinde mamamyza we atamyza baryp görýäris.

  • It is cold at Christmas. — Roždestwo baýramy döwründe howa sowuk bolýar.

Ýatda saklaň:At night — gijelerine, umuman gijeki wagt.

In the night — gijäniň dowamynda belli bir pursatda bolup geçýän waka.

Mysal:

The baby often wakes up in the night. — Çaga gijäniň dowamynda ýygy-ýygydan oýanýar.

Bellik: 

Amerikan iňlis dilinde on the weekend we on weekends hem ulanylýar. Britan iňlis dilinde bolsa at the weekend giňden ulanylýar.



IN — uzak wagt aralyklary we günüň bölekleri

IN günüň bölekleri, aýlar, pasyllar, ýyllar we uzak wagt aralyklary bilen ulanylýar.

A) Günüň bölekleri bilen

English

Türkmençe

in the morning

irden

in the afternoon

günortandan soň

in the evening

agşam

Mysallar:

  • I do my homework in the morning. — Men öý işimi irden ýerine ýetirýärin.

  • We play football in the afternoon. — Biz günortandan soň futbol oýnaýarys.

  • She reads books in the evening. — Ol agşam kitap okaýar.

Üns beriň! 

Adatça:

in the morningin the afternoonin the evening

ýöne at night diýilýär.



B) Aýlar bilen

English

Türkmençe

in January

ýanwar aýynda

in March

mart aýynda

in July

iýul aýynda

in December

dekabr aýynda

Mysallar:

  • My birthday is in March. — Meniň doglan günüm mart aýynda.

  • It is very cold in January. — Ýanwar aýynda howa örän sowuk bolýar.

  • We have a holiday in July. — Biz iýul aýynda dynç alýarys.


C) Pasyllar bilen

English

Türkmençe

in spring

ýazda

in summer

tomusda

in autumn

güýzde

in winter

gyşda

Mysallar:

  • Flowers grow in spring. — Güller ýazda ösýär.

  • It is hot in summer. — Tomusda howa yssy bolýar.

  • The leaves fall in autumn. — Güýzde ýapraklar düşýär.

  • It snows in winter. — Gyşda gar ýagýar.

Pasyllar bilen in the spring, in the summer görnüşlerini hem ulanyp bolýar.


D) Ýyllar we uzak wagt aralyklary bilen

English

Türkmençe

in 2020

2020-nji ýylda

in 2026

2026-njy ýylda

in the 21st century

XXI asyrda

in the 1980s

1980-nji ýyllarda

Mysallar:

  • I started school in 2020. — Men 2020-nji ýylda mekdebe başladym.

  • Technology is developing quickly in the 21st century. — XXI asyrda tehnologiýa çalt ösýär.


E) Beýleki wagt aňlatmalary bilen

English

Türkmençe

in the past

geçmişde

in the future

geljekde

in the last few days

soňky birnäçe günüň dowamynda

in the last few weeks

soňky birnäçe hepdäniň dowamynda

in the last few years

soňky birnäçe ýylyň dowamynda

Mysal:

  • I want to be a teacher in the future. — Men geljekde mugallym bolmak isleýärin.


ON — hepdäniň günleri we seneler

ON hepdäniň günleri, anyk seneler we käbir aýratyn günler bilen ulanylýar.

A) Hepdäniň günleri bilen

English

Türkmençe

on Monday

duşenbe güni

on Tuesday

sişenbe güni

on Wednesday

çarşenbe güni

on Thursday

penşenbe güni

on Friday

anna güni

on Saturday

şenbe güni

on Sunday

ýekşenbe güni

Mysallar:

  • I go to school on Monday. — Men duşenbe güni mekdebe gidýärin.

  • She works from home on Fridays. — Ol anna günleri öýünden işleýär.

  • We play football on Sunday. — Biz ýekşenbe güni futbol oýnaýarys.

Üns beriň! Bir hereketiň hemişe şol gün gaýtalanýandygyny görkezmek üçin günüň adyna -s goşulyp bilner:

on Monday — duşenbe güni

on Mondays — her duşenbe güni / duşenbe günleri


B) Anyk seneler bilen

English

Türkmençe

on 19 October

19-njy oktýabrda

on 30 July

30-njy iýulda

on the second of August

awgustyň ikisinde

Mysallar:

  • My birthday is on 19 October. — Meniň doglan günüm 19-njy oktýabrda.

  • The exam is on 30 July. — Synag 30-njy iýulda bolar.


C) Aýratyn günler we baýramlar bilen

English

Türkmençe

on my birthday

doglan günümde

on New Year's Day

Täze ýylyň ilkinji gününde

on Monday morning

duşenbe güni irden

on Friday evening

anna güni agşam

Mysallar:

  • I get many presents on my birthday. — Men doglan günümde köp sowgat alýaryn.

  • We have an English lesson on Monday morning. — Biz duşenbe güni irden iňlis dili sapagyny geçýäris.

Üns beriň! Eger günüň ady bilen irden, agşam ýa-da günortan ýaly wagt bölegi bile ulanylsa, köplenç ON ulanylýar:

in the morning — irden

on Monday morning — duşenbe güni irden


AT, IN, ON — esasy tapawutlary

Sözsoňy

Ulanylyşy

Mysallar

AT

Takyk wagt

at 6 o'clock, at noon, at night, at the weekend — Men sagat 6-da turýaryn.

IN

Uly wagt aralyklary

in the morning, in May, in summer, in 2026 — Men tomusda dynç alýaryn.

ON

Günler we seneler

on Monday, on 19 October, on my birthday — Men duşenbe güni işleýärin.

Ýatda saklamagyň iň aňsat usuly:

AT — sagat näçede?

IN — haýsy aýda, pasylda ýa-da ýylda?

ON — haýsy gün ýa-da haýsy senede?


Mysallar



Comments


bottom of page