Quantifiers — Mukdar bildirýän sözler

1. Quantifiers näme? What are Quantifiers?
Quantifiers — iňlis dilinde bir zadyň mukdaryny ýa-da sanyny bildirmek üçin ulanylýan sözlerdir. Olar bir zadyň näçedigini, näçe sanydygyny ýa-da ýeterlik bolup-bolmandygyny görkezýär.
Mysal üçin:
Some water. — Biraz suw.
Many books. — Köp kitaplar.
A little milk. — Azrak süýt.
Enough food. — Ýeterlik iýmit.
Quantifiers köplenç atlaryň öňünden gelýär. Käwagt at gaýtadan aýdylmasa-da bolýar, sebäbi gürrüňiň näme barada gidýändigi düşnüklidir.
Would you like some tea? — Just a little.
— Çaý isleýärsiňmi? — Diňe azajyk.
(Bu ýerde a little sözi a little tea (azajyk çaý) diýen manyny berýär.)
Quantifiers-i dogry ulanmak üçin ilki bilen iňlis dilinde atlaryň iki görnüşini bilmek gerek.
2. Sanalýan atlar we sanalmaýan atlar (Countable nouns and Uncountable nouns)
Countable nouns — Sanalýan atlar
Sanap bolýan zatlary aňladýan atlara countable nouns diýilýär. Olaryň birlik we köplük görnüşleri bolýar.
Mysallar:
One apple. — Bir alma.
Three apples. — Üç alma.
Two chairs. — Iki oturgyç.
Five students. — Bäş okuwçy.
Uncountable nouns — Sanalmaýan atlar
Adatça, aýratyn birlikler hökmünde sanalmaýan maddalary ýa-da düşünjeleri aňladýan atlara uncountable nouns diýilýär. Olar köplenç birlik görnüşinde ulanylýar.
Mysallar:
Water. — Suw.
Milk. — Süýt.
Sugar. — Şeker.
Money. — Pul.
Time. — Wagt.
Information. — Maglumat.
Meselem, iňlis dilinde adatça two waters ýa-da three informations diýilmeýär. Suwy sanamak üçin two bottles of water (iki çüýşe suw), maglumatlary sanamak üçin bolsa three pieces of information (üç maglumat) diýilýär.
Ýatda saklaň:
Many — sanalýan atlar bilen ulanylýar.
Much — sanalmaýan atlar bilen ulanylýar.
A lot of — atlaryň iki görnüşi bilen hem ulanylýar.
3. Much, Many, A lot of — Köp mukdary bildirmek
Bu sözler bir zadyň köp mukdardadygyny ýa-da sanynyň köpdügini görkezýär.
Many — köp sanly
Many sanalýan atlaryň köplük görnüşi bilen ulanylýar.
There are many books in the library. — Kitaphanada köp kitap bar.
Many students learn English. — Köp okuwçylar iňlis dilini öwrenýär.
How many friends do you have? — Näçe dostuň bar?
Much — köp mukdarda
Much sanalmaýan atlar bilen ulanylýar. Ol köplenç sorag we inkär sözlemlerinde duş gelýär.
We don't have much time. — Biziň wagtymyz kän däl.
How much water do you drink every day? — Sen her gün näçe suw içýärsiň?
There isn't much milk in the fridge. — Sowadyjyda süýt kän däl.
A lot of — köp
A lot of sanalýan we sanalmaýan atlar bilen ulanylýar. Ol gündelik gepleşikde oňyn sözlemlerde örän köp duş gelýär.
She has a lot of books. — Onuň köp kitaplary bar.
We have a lot of work today. — Bu gün biziň işimiz köp.
They drink a lot of water. — Olar köp suw içýärler.
Üns beriň:
A lot of sözünden soň sanalýan at gelende, at köplükde ulanylýar: a lot of books.
Sanalmaýan at bilen bolsa onuň adaty görnüşi ulanylýar: a lot of water.
Köp mukdary has-da nygtamak üçin so many we so much ulanylýar:
There are so many people here! — Bu ýerde nähili köp adam bar!
She has so much homework! — Onuň öý işi örän köp!
4. A few, Few, A little, Little, A bit of — Az mukdary bildirmek
Bu sözler az mukdary ýa-da az sany görkezýär. Ýöne olaryň arasynda many tapawudy bar.
A few — birnäçe, az-kem
A few sanalýan atlaryň köplük görnüşi bilen ulanylýar. Ol az bolsa-da, ýeterlik ýa-da oňyn manyda ulanylyp biljek mukdary aňladýar.
I have a few friends at school. — Mekdepde birnäçe dostum bar.
We need a few eggs. — Bize birnäçe ýumurtga gerek.
She bought a few apples. — Ol birnäçe alma satyn aldy.
Few — örän az, ýeterlik däl diýen manyda
Few hem sanalýan atlaryň köplük görnüşi bilen ulanylýar. Emma ol köplenç mukdaryň garaşylýandan azdygyny we munuň ýeterlik däldigini görkezýär.
Few students came to class. — Sapaga okuwçylaryň örän az sanlysy geldi.
Few people know the answer. — Jogaby örän az adam bilýär.
A little — biraz, azajyk
A little sanalmaýan atlar bilen ulanylýar. Ol az mukdaryň bardygyny aňladýar.
I need a little water. — Maňa biraz suw gerek.
There is a little sugar in the cup. — Käsejikde azajyk şeker bar.
Can I have a little milk? — Maňa azajyk süýt berip bilersiňizmi?
Little — örän az, ýeterlik däl diýen manyda
Little hem sanalmaýan atlar bilen ulanylýar. Ol köplenç mukdaryň örän azdygyny we ýeterlik däldigini görkezýär.
We have little time. — Biziň wagtymyz örän az.
There is little hope. — Umyt örän az.
He has little money. — Onuň puly örän az.
A bit of — biraz, azajyk
A bit of köplenç gepleşik dilinde ulanylýar we sanalmaýan atlaryň öňünden gelýär.
I need a bit of help. — Maňa biraz kömek gerek.
Add a bit of salt. — Azajyk duz goş.
She needs a bit of rest. — Oňa biraz dynç almak gerek.
Ýatda saklaň:
A few — sanalýan atlar bilen.
A little — sanalmaýan atlar bilen.
Few we little — mukdaryň ýeterlik däldigini nygtamak üçin ulanylýar.
5. Some, Any — Näbelli mukdary bildirmek
Some we any mukdary ýa-da sany anyk görkezilmedik zatlar barada aýdanymyzda ulanylýar. Olar köplenç köplükdäki sanalýan we sanalmaýan atlar bilen gelýär.
Some — käbir, birnäçe, biraz
Some köplenç habar sözlemlerde ulanylýar.
I have some books. — Mende birnäçe kitap bar.
She bought some apples. — Ol birnäçe alma satyn aldy.
Any — hiç hili, haýsydyr bir
Any köplenç sorag we inkär sözlemlerinde ulanylýar.
Do you have any questions? — Soraglaryňyz barmy?
Is there any water? — Suw barmy?
I don't have any money. — Mende hiç hili pul ýok.
There aren't any students in the classroom. — Synp otagynda hiç bir okuwçy ýok.
Some sözüniň aýratyn ulanylyşy
Haýyş edenimizde ýa-da birine bir zat hödürlänimizde, sorag sözleminde hem köplenç some ulanylýar.
Can I have some water, please? — Maňa biraz suw berip bilersiňizmi?
Would you like some tea? — Çaý içesiňiz gelýärmi?
Would you like some chocolate? — Şokolad isleýärsiňizmi?
Ýatda saklaň:
Habar sözlem: köplenç some.
Sorag we inkär sözlemi: köplenç any.
Haýyş we teklip: köplenç some.
6. Enough, Plenty of — Ýeterlik mukdar
Enough — ýeterlik
Enough sanalýan we sanalmaýan atlar bilen ulanylýar. Ol bir zadyň gerek bolan mukdarda bardygyny aňladýar.
We have enough chairs. — Biziň oturgyçlarymyz ýeterlik.
I have enough money. — Meniň pulum ýeterlik.
We don't have enough time. — Biziň wagtymyz ýeterlik däl.
Do you have enough food? — Iýmitiň ýeterlikmi?
Enough sypatlaryň we hal atlaryň hem yzyndan gelip biler:
The room is big enough. — Otag ýeterlik derejede uly.
Plenty of — ýeterlikden hem köp
Plenty of bir zadyň ýeterlik bolmak bilen çäklenmän, artykmaç hem bardygyny aňladýar.
We have plenty of time. — Biziň wagtymyz ýeterlikden hem köp.
There are plenty of books in the library. — Kitaphanada kitaplar örän köp.
Don't worry. We have plenty of food. — Alada etme. Biziň iýmitimiz ýeterlikden hem köp.
Tapawudy:
Enough — gerek bolan mukdar bar.
Plenty of — gerek bolan mukdardan hem köp.
7. How much, How many — Näçe? Näçe sany?
Bir zadyň mukdaryny ýa-da sanyny soramak üçin how much we how many ulanylýar.
How many — näçe sany?
How many sanalýan atlaryň köplük görnüşi bilen ulanylýar.
How many students are there in your class? — Siziň synpyňyzda näçe okuwçy bar?
How many books do you have? — Näçe kitabyň bar?
How many apples did you buy? — Näçe alma satyn aldyň?
How much — näçe mukdarda?
How much sanalmaýan atlar bilen ulanylýar.
How much water do you drink every day? — Sen her gün näçe suw içýärsiň?
How much time do we have? — Biziň näçe wagtymyz bar?
How much sugar do you need? — Saňa näçe şeker gerek?
How much — bahany soramak üçin
Bir zadyň bahasyny soramak üçin hem how much ulanylýar.
How much is this bag? — Bu sumka näçe?
How much are these shoes? — Bu aýakgaplar näçe?
How much does this book cost? — Bu kitap näçe durýar?
Ýatda saklaň:
How many + sanalýan atyň köplük görnüşi.
How much + sanalmaýan at.
How much bir zadyň bahasyny soramak üçin hem ulanylýar.
8. Gysgaça jemleme
Quantifier | Ulanylyşy | Mysal |
Many | Sanalýan atlar | Many books — köp kitap |
Much | Sanalmaýan atlar | Much water — köp suw |
A lot of | Atlaryň iki görnüşi bilen | A lot of books / water — köp kitap / suw |
A few | Sanalýan atlar | A few apples — birnäçe alma |
Few | Sanalýan atlar, ýeterlik däl manyda | Few friends — örän az dost |
A little | Sanalmaýan atlar | A little milk — azajyk süýt |
Little | Sanalmaýan atlar, ýeterlik däl manyda | Little time — örän az wagt |
Some | Köplenç habar sözlemlerde | Some bread — biraz çörek |
Any | Köplenç sorag we inkär sözlemlerinde | Any questions? — soraglar barmy? |
Enough | Ýeterlik mukdar | Enough money — ýeterlik pul |
Plenty of | Ýeterlikden hem köp | Plenty of food — iýmitiň örän köp bolmagy |
How many | Sany soramak üçin | How many pens? — näçe ruçka? |
How much | Mukdary ýa-da bahany soramak üçin | How much milk? — näçe süýt? |




Comments