top of page

Reflexive Pronouns — Gaýdym / özlük çalyşmalary

1 day ago
2 min read
Reflexive Pronouns — Gaýdym / özlük çalyşmalary

1. Reflexive Pronouns näme?

Reflexive Pronouns işiň ýa-da hereketiň şol hereketi edýän adamyň özüne gaýdyp gelýändigini görkezýär.

Başgaça aýtsak, sözlemde işi edýän kişi (subject) bilen işiň täsir edýän kişisi (object) bir adam bolsa, Reflexive Pronoun ulanylýar.

Reflexive Pronouns köplenç -self ýa-da -selves bilen gutarýar.

Mysal:

  • I believe in myself. — Men özüme ynanýaryn.

Bu sözlemde:

  • I — hereketi edýän adam.

  • myself — şol hereketiň degişli bolan adamy, ýagny meniň özüm.

    Şonuň üçin I → myself bolýar.

Ýene bir mysal:

  • She bought a gift for herself. — Ol özi üçin sowgat satyn aldy.

    Bu ýerde she we herself bir adamy görkezýär. Şonuň üçin herself ulanylýar.


2. Reflexive Pronouns — Reflexive çalyşmalar

Personal Pronoun

Reflexive Pronoun

Türkmençe manysy

I

myself

özüm

you

yourself

özüň

he

himself

özi (erkek)

she

herself

özi (aýal)

it

itself

özi

we

ourselves

özümiz

you

yourselves

özüňiz

they

themselves

özleri

  • Myself, yourself, himself, herself, itself — ýeke adam ýa-da zat üçin ulanylýar.

  • Ourselves, yourselves, themselves — köp adam üçin ulanylýar.


3. Reflexive Pronouns — Sözlemde ulanylyşy

Reflexive Pronouns sözlemde birnäçe ýagdaýda ulanylýar. Iň esasy ýagdaýy — işi edýän adam bilen şol işiň täsir edýän adamy bir adam bolanda.

1. Reflexive Pronouns object hökmünde

Sözlemde subject bilen object bir adam bolsa, Reflexive Pronoun ulanýarys.

Subject → Reflexive Pronoun

  • I hurt myself. — Men özümi ýaraladym. (Bu ýerde I hem, myself hem bir adamy görkezýär.)

  • He hurt himself. — Ol özüni ýaralady.

  • She looked at herself in the mirror. — Ol aýnada özüne seretdi.

  • They enjoyed themselves. — Olar wagtyny gowy geçirdiler.

Ýatda sakla!

Eger hereket başga bir adama gönükýän bolsa, Reflexive Pronoun ulanmaýarys.

I saw him. — Men ony gördüm. (Bu ýerde I we him başga adamlardyr.)

Emma:

I saw myself in the mirror. — Men aýnada özümi gördüm. (Bu ýerde I we myself bir adam. Şonuň üçin myself ulanylýar.)


2. Reflexive Pronouns “özi üçin” manysynda

Käbir sözlemlerde Reflexive Pronoun adamyň özi üçin bir zat edendigini görkezýär.

  • He knitted himself a sweater. — Ol özi üçin jaket ördi.

  • She made herself a cup of tea. — Ol özi üçin bir käse çaý taýýarlady.

  • I bought myself a new bag. — Men özüm üçin täze sumka satyn aldym.

Bu ýerde:

  • himself = özi üçin

  • herself = özi üçin

  • myself = özüm üçin


3. “By + Reflexive Pronoun” — ýeke özi

by + Reflexive Pronoun gurluşy köplenç «ýeke özi / özbaşyna» diýen manyny berýär.

  • He went there by himself. — Ol ol ýere ýeke özi gitdi.

  • She lives by herself. — Ol ýeke özi ýaşaýar.

  • I did it by myself. — Men muny özbaşdak etdim.

  • They travelled by themselves. — Olar ýeke özleri syýahat etdiler.

Ýatda sakla!

by myself → ýeke özüm / özbaşdak

by yourself → ýeke özüň / özbaşdak

by himself → ýeke özi

by herself → ýeke özi

by ourselves → ýeke özümiz

by yourselves → ýeke özüňiz

by themselves → ýeke özleri


4. Gysgaça ýatda sakla we sesli mysallar

Reflexive Pronouns esasy 3 ýagdaýda ulanylýar:

  1. Hereket adamyň özüne gaýdyp gelýär:

    He hurt himself. — Ol özüni ýaralady.

  2. Adam bir zady özi üçin edýär:

    She made herself some tea. — Ol özi üçin çaý taýýarlady.

  3. “By + Reflexive Pronoun” — ýeke özi / özbaşdak:

    I did it by myself. — Men muny özbaşdak etdim.


Mysallar (Esasy sözlemler):




Comments


bottom of page