Some and Any — Käbir, biraz, hiç hili

1. Some we Any näme?
Some we any iňlis dilinde mukdary ýa-da sany anyk görkezilmedik zatlar barada aýdanymyzda ulanylýar. Olar köplükdäki sanalýan we sanalmaýan atlar bilen ulanylýar.
Some köplenç barlyk sözlemlerde, any bolsa köplenç sorag we inkär sözlemlerinde ulanylýar.
Some — käbir, birnäçe, biraz
Some köplenç bir zadyň bardygyny ýa-da belli bir mukdaryň, sanynyň bardygyny görkezýär.
I have some books. — Mende birnäçe kitap bar.
There is some milk in the fridge. — Sowadyjyda biraz süýt bar.
She has some friends at school. — Onuň mekdepde birnäçe dostlary bar.
I need some information. — Maňa käbir maglumatlar gerek.
Any — haýsydyr bir, hiç hili
Any köplenç soraglarda we inkär sözlemlerinde ulanylýar.
Do you have any questions? — Soraglaryňyz barmy?
Is there any water in the bottle? — Çüýşede suw barmy?
I don't have any money. — Mende hiç hili pul ýok.
We didn't see any students there. — Biz ol ýerde hiç bir okuwçyny görmedik.
2. Some we Any haýsy atlar bilen ulanylýar?
Bu sözler iki görnüşli at bilen ulanylýar:
Sanalýan atlar (Countable nouns)
I bought some apples. — Men birnäçe alma satyn aldym.
I didn't buy any apples. — Men hiç hili alma satyn almadym.
Do you have any friends here? — Bu ýerde dostlaryň barmy?
Sanalmaýan atlar (Uncountable nouns)
I need some water. — Maňa biraz suw gerek.
I don't need any water. — Maňa hiç hili suw gerek däl.
Do you have any information? — Sizde haýsydyr bir maglumat barmy?
3. Some we Any at bolmazdan hem ulanylýar
Eger sözlemde haýsy zat barada gürrüň edilýändigi düşnükli bolsa, some we any sözlerinden soň at gaýtadan aýdylman hem biler.
I didn't eat any cake, but my sister ate some. — Men tort iýmedim, ýöne uýam (ýa-da jigim) biraz iýdi.
(Bu ýerde some sözi some cake (biraz tort) diýen manyny berýär.)
Tom took many photos, but Anna didn't take any. — Tom köp surat düşürdi, ýöne Anna hiç birini düşürmedi.
(Bu ýerde any sözi any photos (hiç bir surat) diýen manyny berýär.)
4. Sorag sözlemlerinde Some we Any
Sorag sözlemlerinde köplenç any ulanylýar:
Do you have any children? — Çagalaryňyz barmy?
Do you know any famous people? — Tanymal adamlaryň haýsydyr birini tanaýarsyňyzmy?
Is there any bread left? — Çörek galdymy?
Emma käbir ýagdaýlarda sorag sözlemlerinde hem some ulanylýar:
1. Bir zady hödürlänimizde
Birine çaý, kofe ýa-da başga bir zat hödürlänimizde, köplenç some ulanýarys.
Would you like some coffee? — Kofe içesiňiz gelýärmi?
Would you like some cake? — Tort isleýärsiňizmi?
Do you want some sugar in your tea? — Çaýyňyza biraz şeker isleýärsiňizmi?
2. Bir zat haýyş edenimizde
Bir zat sorap ýa-da haýyş edip ýüz tutanymyzda hem some ulanylýar.
Could I have some salt, please? — Maňa biraz duz berip bilersiňizmi?
Can I have some water, please? — Maňa biraz suw berip bilersiňizmi?
Can I have some chips, please? — Maňa biraz çips berip bilersiňizmi?
3. Teklip ýa-da maslahat berýänimizde
Why don't we watch some movies tonight? — Näme üçin şu gün agşam birnäçe film görmeýäris?
Why don't you give her some advice? — Näme üçin oňa biraz maslahat bermeýärsiň?
5. Some bilen Any sözüniň esasy tapawudy
Some | Any |
Köplenç barlyk sözlemlerde ulanylýar. | Köplenç sorag sözlemlerinde ulanylýar. |
I have some books. — Mende birnäçe kitap bar. | Do you have any books? — Kitaplaryň barmy? |
There is some milk. — Biraz süýt bar. | Is there any milk? — Süýt barmy? |
Haýyşlarda we tekliplerde ulanylýar. | Inkär sözlemlerinde ulanylýar. |
Can I have some tea? — Maňa çaý berip bilersiňizmi? | I don't have any tea. — Mende hiç hili çaý ýok. |
Ýatda saklaň!
Some — köplenç barlyk sözlemlerde.
Any — köplenç sorag we inkär sözlemlerinde.
Haýyş we tekliplerde köplenç some ulanylýar.




Comments