top of page

Spelling Rules (-ing) — Iňlis dilinde işliklere -ing goşulmasyny goşmak

7 minutes ago
3 min read
Spelling Rules (-ing) — Iňlis dilinde işliklere -ing goşulmasyny goşmak

Iňlis dilinde işliklere -ing goşulmasy dürli ýagdaýlarda ulanylýar. Ol esasan Present Continuous Tense zamanasynda hereketiň häzir bolup geçýändigini görkezmek üçin ulanylýar.

İşliklere -ing goşulanda, olaryň ýazuwynda käbir üýtgeşmeler bolup biler. Aşakdaky düzgünler bu üýtgeşmeleri dogry ulanmaga kömek eder.


1. Esasy düzgün: işlige diňe -ing goşulýar

Köp işliklerde sözüň ýazuwy üýtgemeýär, diňe soňuna -ing goşulýar:

Verb

Verb + ing

Türkmençe manysy

read

reading

okamak

play

playing

oýnamak

eat

eating

iýmek

work

working

işlemek

watch

watching

görmek, tomaşa etmek

clean

cleaning

arassalamak

help

helping

kömek etmek

open

opening

açmak

visit

visiting

baryp görmek

talk

talking

gepleşmek

Mysallar:

  • I am reading a book. — Men kitap okaýaryn.

  • He is playing football. — Ol futbol oýnaýar.

  • We are watching TV. — Biz telewizor görýäris.


2. Soňy aýdylmaýan -e bilen gutarýan işlikler

Eger işlik aýdylmaýan -e harpy bilen gutarsa, köplenç şol harp aýrylýar we -ing goşulýar:

Verb

Verb + ing

Türkmençe manysy

make

making

taýýarlamak, etmek

write

writing

ýazmak

dance

dancing

tans etmek

take

taking

almak

come

coming

gelmek

have

having

eýe bolmak; geçirmek

give

giving

bermek

drive

driving

ulag sürmek

smile

smiling

ýylgyrmak

use

using

ulanmak

Mysallar:

  • She is making a cake. — Ol tort taýýarlaýar.

  • I am writing a letter. — Men hat ýazýaryn.

  • They are dancing. — Olar tans edýärler.

Üns beriň: 

❌ makeing däl-de, ✅ making;

❌ writeing däl-de, ✅ writing diýip ýazylýar.



3. Soňy -ie bilen gutarýan işlikler

Eger işlik -ie bilen gutarsa, köplenç bu iki harp y harpyna öwrülýär we soňuna -ing goşulýar:

Verb

Verb + ing

Türkmençe manysy

lie

lying

ýatmak

die

dying

ölmek

tie

tying

daňmak

Mysallar:

  • The baby is lying on the bed. — Çaga düşekde ýatyr.

  • The plant is dying. — Ösümlik gurap barýar.


4. CVC düzgüni: -ing goşulanda soňky harpyň iki gezek ýazylmagy

Iňlis dilinde käbir işliklere -ing goşulanda, işligiň soňky çekimsiz harpy iki gezek ýazylýar. Bu düzgüne düşünmek üçin ilki bilen CVC gurluşyny öwreneliň.

CVC näme diýmek?

  • C — Consonant: çekimsiz harp

  • V — Vowel: çekimli harp

  • C — Consonant: çekimsiz harp

Iňlis dilinde çekimli harplar: a, e, i, o, u.

Mysal üçin, run sözüne seredeliň: run = C + V + C

–ing nähili goşulýar?

Eger işlik bir bogunly bolup, çekimsiz + çekimli + çekimsiz gurluşy bilen gutarsa, köplenç soňky çekimsiz harp iki gezek ýazylýar.

Düzgüni: Verb + soňky çekimsiz harpy gaýtalamak + ing


Işligiň asyl görnüşi

-ing goşulanda

Näme üýtgeýär?

run

running

n → nn

sit

sitting

t → tt

swim

swimming

m → mm

stop

stopping

p → pp

get

getting

t → tt

put

putting

t → tt

cut

cutting

t → tt

hop

hopping

p → pp

plan

planning

n → nn

shop

shopping

p → pp

Ýatda saklaň: Soňky harp iki gezek ýazylýar, ýöne -ing diňe bir gezek goşulýar:

run + n + ing = runningsit + t + ing = sitting

stop + p + ing = stopping


Bu düzgün haçan ulanylmaýar?

A. Işlik iki çekimsiz harp bilen gutarsa

Soňky harp adatça gaýtalanmaýar:

  • help → helping

  • jump → jumping

  • work → working

  • stand → standing

B. Soňky çekimsiz harpyň öňünde iki çekimli harp bolsa

Soňky harp adatça gaýtalanmaýar:

  • read → reading

  • eat → eating

  • rain → raining

  • sleep → sleeping

C. Işlik soňunda e harpy bilen gutarsa

Köplenç e aýrylýar we -ing goşulýar. Soňky harp iki gezek ýazylmaýar:

  • make → making

  • write → writing

  • take → taking

  • dance → dancing

D. Işlik iki ýa-da köp bogunly bolsa

Soňky çekimsiz harpyň gaýtalanmagy köplenç soňky boguna düşýän urga bagly bolýar:

  • begin → beginning

  • prefer → preferring

  • open → opening

  • visit → visiting

Begin we prefer sözlerinde soňky bogun urguly bolany üçin soňky çekimsiz harp gaýtalanýar. Open we visit sözlerinde bolsa soňky bogun urguly däl, şonuň üçin harp gaýtalanmaýar.




5. Soňy -y bilen gutarýan işlikler

Işlik -y bilen gutaranda, -ing goşulanda y harpy üýtgemeýär:

Verb

Verb + ing

Türkmençe manysy

study

studying

öwrenmek

carry

carrying

götermek

cry

crying

aglamak

try

trying

synanyşmak

enjoy

enjoying

lezzet almak

play

playing

oýnamak

Mysallar:

  • I am studying English. — Men iňlis dilini öwrenýärin.

  • The baby is crying. — Çaga aglaýar.

  • She is trying to help. — Ol kömek etmäge synanyşýar.

Ýatda saklaň: study → studying, play → playing. Bu ýagdaýda y harpyny i harpyna çalyşmaýarys.

6. -ing goşulmasy bilen baglanyşykly möhüm bellikler

  • -ing goşulmasy işligiň görnüşini üýtgedýär, ýöne onuň manysy sözleme baglydyr.

  • Present Continuous Tense zamanasynda -ing görnüşiniň öňünden degişli am, is, are ulanylýar.

  • Her bir -ing bilen gutarýan söz Present Continuous Tense däldir. Mysal üçin, Swimming is fun sözleminde swimming işligiň ady hökmünde ulanylýar.


Mysallar



Comments


bottom of page