The Gerund — Gerundiý (Işlikden ýasalan at)

Gerundiý näme?
Türkmen diliniň grammatikasynda Gerundiý (Gerund) ýokdur. Iňlis dilinde gerundiý — işliklerden emele gelen, ýöne sözlemde at (noun) hökmünde hereket edýän sözlerdir.
Gerundiý ýasamak üçin işligiň yzyna -ing goşulmasy goşulýar. Ýöne muny dowamly zamanlar (Continuous tenses) bilen çalyşmaň. Sebäbi dowamly zamanlarda işligiň yzyna -ing goşulyp, hereketiň dowam edýändigini görkezýär. Gerundiý bolsa işlikden ada öwrülýär. Sözlemde gerundiýny tapmak üçin işligiň yzyna -ing goşulyp, at hökmünde ulanylýan söze serediň.
Mysallara seredeliň:
Let’s go dancing at the club tonight. — Geliň, şu gije klubda tans edeliň.
Maral decided that flying above the clouds was the most incredible experience she’d ever had. — Maral bulutlaryň üstünde uçmak, başdan geçiren iň ajaýyp tejribesi diýen karara geldi.
Bu sözlemlerdäki dancing we flying sözlerine üns beriň — bular gerundiýdir.
Gerundiýnyň sözlemdäki wezipeleri
1. Eýe (Subject), doldurgyç (Object) we habaryň ady bölegi (Predicative)
Gerundiý sözlemde eýe, doldurgyç we habar wezipelerini ýerine ýetirýär:
Eýe (Subject):
Living in the city centre can be stressful. — Şäher merkezinde ýaşamak stresli bolup biler.
Doldurgyç (Object):
I like making people happy. — Men adamlary begendirmegi halaýaryn.
Habar (Predicative):
Hiking is my favorite pastime. — Gezelenç etmek meniň iň halaýan güýmenjäm.
2. Sözsoňulardan (Prepositions) soň ulanylyşy
Gerundiý kömekçi sözlerden (prepositions: of, at, about, in, for we ş.m.) soň hem gelip bilýär:
I am very, very tired of working. — Men işlemekden gaty ýadadym.




Comments